Awgust aýynda geçiriljek medeni çäreler barada habar berildi

Awgust aýynda geçiriljek medeni çäreler barada habar berildi

Däp bolşy ýaly, awgust aýynda hem şanly seneler hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli dürli görnüşli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Olaryň meýilnamasy barada Hökümetiň 29-njy iýulda geçirilen mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, ýylyň şygary bilen baglylykda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny we brifingleri, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty we beýleki ugurdaş çäreleri geçirmäge taýýarlyk görülýär. 27-nji awgustda “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler. Ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe desgalaryň açylyşy medeni çärelere beslener.

Döwlet Baştutany awgust aýynda geçiriljek dabaralaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtap, wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
Aşgabatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Aşgabatda Ýelena Oreşkinanyň konserti geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi