Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zehinli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi uly şowhun bilen geçirilýär.

Ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Türkmeniň ak öýi binasynyň öňündäki meýdança Ýaňlan, Diýarym!telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.Telebäsleşige Lebap welaýatyndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan aýdymçylar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Olaryň çykyşlarynda döwletli-döwranly Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri belentden wasp edildi. Şeýlelikde, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan aýdymçylaryň 2-si, ýagny Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndan çeper höwesjeň Saparmyrat Tekäýew hem-de Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndan çeper höwesjeň Babajan Rozyýew Ýaňlan, Diýarym!

telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bu dabara tanymal aýdymçylar, Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň geçen ýyllardaky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden aýdymçylaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi sungat äleminde täze aýdymçylaryň ýüze çykmagyna uly ýol açýar. Jemleýji tapgyryna gatnaşjak aýdymçylara üstünlikleri arzuw edýäris!

Zehinli höwesjeň ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýaňlan, Diýarym! 2022 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Doganlyk halklaryň dostluk festiwaly
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.