Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zehinli ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň abraýly festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi uly şowhun bilen geçirilýär.

Ýakynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Türkmeniň ak öýi binasynyň öňündäki meýdança Ýaňlan, Diýarym!telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.Telebäsleşige Balkan welaýatyndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan aýdymçylar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Olaryň çykyşlarynda döwletli-döwranly Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri belentden wasp edildi. Şeýlelikde, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan aýdymçylaryň 2-si, ýagny Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Medeniýet bölüminiň Hazar şäherçe Döwürdeş halk teatrynyň režisýory Umytmyrat Gylyçmyradow hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçe medeniýet öýüniň işgäri Bagdagül Muhammetgurbanowa Ýaňlan, Diýarym!

telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bu dabara tanymal aýdymçylar, Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň geçen ýyllardaky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden aýdymçylaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi sungat äleminde täze aýdymçylaryň ýüze çykmagyna uly ýol açýar. Jemleýji tapgyryna gatnaşjak aýdymçylara üstünlikleri arzuw edýäris!

Zehinli höwesjeň ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýaňlan, Diýarym! 2022 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi