Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda zehinli ýaş neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň abraýly festiwallara, döredijilik gözden geçirilişlere we dürli döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Däp bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi uly şowhun bilen geçirilýär.

Ýakynda Aşgabat monumentiniň öňündäki meýdançada Ýaňlan, Diýarym!telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.Telebäsleşige Aşgabat şäherinden deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan aýdymçylar gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler.Olaryň çykyşlarynda döwletli-döwranly Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri belentden wasp edildi. Şeýlelikde, ýaş höwesjeň aýdymçylaryň içinden emin agzalarynyň gelen netijeleriniň esasynda aýratyn ýerine ýetirijiligi, ýokary ussatlyk bilen tapawutlanan aýdymçylaryň 2-si, ýagny Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabyndan çeper höwesjeň aýdymçy Gurbanmyrat Nuryýew hem-de Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň mugallymy Hezretguly Guldurdyýew Ýaňlan, Diýarym!

telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bu dabara tanymal aýdymçylar, Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň geçen ýyllardaky ýeňijileri, aýdym-saz söýüjiler, çykyş eden aýdymçylaryň hossarlary we muşdaklary, şeýle-de medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri agzybirlikde gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň zehinli ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi sungat äleminde täze aýdymçylaryň ýüze çykmagyna uly ýol açýar. Jemleýji tapgyryna gatnaşjak aýdymçylara üstünlikleri arzuw edýäris!

Zehinli höwesjeň ýaşlaryň ýüze çykmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! — 2023 telebäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýaňlan, Diýarym! 2022 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Doganlyk halklaryň dostluk festiwaly
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.