Awiasiýa sergisi geçirilýär

Dünýäniň iň uly halkara awiasiýa sergisi açyldy.Her ýyl Fransiýanyň paýtagtynda geçirilýän Paris Air Show atly sergi pandemiýa sebäpli soňky dört ýylda geçirilmändi.Sergide ýolagçy otlulary, elektrik energiýasy bilen işleýän kiçi görnüşli uçarlar, uçýan taksiler, uzakdan dolandyrylýan uçýan enjamlar, dikuçarlar ýaly howada hereket edýän islendik ulagy görmek bolýar. 54-nji gezek geçirilýän sergä gatnaşyk örän ýokary boldy.

Halkara gözden geçirilişde esasy mowzuk arassa ýangyç tehnologiýalary we awiasiýa pudagynda iş bilen üpjünçilik boldy.Sergä dünýäniň 47 ýurdundan 2 müň 500 kompaniýa gatnaşýar.Pariž-Le Buržede geçirilýän sergi 25-nji iýuna çenli dowam eder.

Sergä 320 müňden gowrak adamyň baryp görmegine garaşylýar.Ilkinji dört gün oňa diňe bu pudakda iş alyp barýan kompaniýalaryň wekilleri baryp gördüler.Sergide kosmos pudagyna degişli täzelikleri hem görmek bolýar.

Ýolagçy uçaryny öndürmekde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan Airbus-yň esasy önümçilik merkezi Fransiýada ýerleşýär. Ýurt bu pudakdan uly girdeji gazanýar.Serginiň çäklerinde Airbus kompaniýasy ýüzlerçe täze uçaryň sargydyny aldy.

Hindistanyň arzan bahaly hyzmat hödürleýän IndiGo kompaniýasy Airbus-a 500 uçar sargyt etdi.Ylalaşygyň bahasynyň 55 milliard dollardygy mälim edildi.Mawrikiniň Air Mauritius kompaniýasynyň uzak aralyga uçmaga niýetlenen üç sany A350 ýolagçy uçaryny sargyt edendigi mälim edildi.

Saud Arabystanynyň arzan bahaly hyzmat hödürleýän Flynas kompaniýasy 30 sany A320 Neo Airbus uçaryny sargyt etdi.

Ýolagçy uçaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy hasaplanýan Boeing hem köp mukdarda sargyt aldy. Bu iki kompaniýanyň alan sargydynyň pandemiýadan ozalky derejä golaýlandygy mälim edildi. Munda soňky ýyllarda syýahatçylyk pudagyndaky görkezijileriň ýokarlanmagynyň täsiriniň bardygy bellenilýär.

Sergide arassa ýangyçly tehnologiýalar hem görkezildi. Awiasiýa pudagynyň 2050-nji ýyla çenli dolulygyna howany hapalamaýan ýagdaýa getirilmegi maksat edinilýär. Bu maksada ýetmek üçin elektrik energiýasy, bioýangyç we wodorod ýangyjy bilen işleýän hereketlendirijiler teklip edilýär.

Ýene degişli makalalar

DUBAI AIRSHOW 2023 şowhunyna 95 ýurt gatnaşdy
Turkish Airlines awiakompaniýasy Airbus we Boeing uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy
Parižde Türkmenaragatnaşyk agentligi bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Airbus Türkmenistana uzakdan monitoring hem-de kosmosdan surata düşürmek boýunça hyzmatlary hödürleýär
Türkmenistan we “Airbus” kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garadylar
Airbus kompaniýasynyň wekilleri bilen kosmos ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Uçar Tokionyň howa menzilinde gonanda ýandy