Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenistanda eksprestestleriň önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi

Awstriýanyň kompaniýasy Türkmenistanda eksprestestleriň önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi

Türkmen döwlet edaralarynyň, habar beriş serişdeleriniň we hususy sektoryň wekilleri Awstriýanyň kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen sişenbe güni onlaýn gepleşikleri geçirdiler. Bu barada “ORIENT.tm” habar berýär. Gepleşikler Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan Wenadaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň kömegi bilen guraldy.

Gepleşiklere “Sigmafarm” we “DiproMed” ýaly farmasewtik kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar we lukmançylyk ugrunda hyzmatdaşlyk etmek babatda derwaýys teklipleri öňe sürdiler.

Ýewropanyň öňdebaryjy lukmançylyk önüm öndürijileriniň ikisi-de diňe bir üpjün ediji hökmünde däl, eýsem nou-haulary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdiler.

Bernhard Wittman ýygnaga gatnaşyjylara ýolbaşçylyk edýän “Sigmafarm” kompaniýasynyň işi hakynda, şeýle hem steril we steril däl spreýler, damjalar we gulak-burun-bokurdak üçin beýleki suwuk serişdeler ýaly önümler barada jikme-jik maglumat berdi.

“DiproMed” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristian Eder öz gezeginde kärhananyň keselleri anyklamak üçin eksprestestleri (bedende gadagan maddalaryň we alkogolyň barlygyny, göwreliligi, ýürek-damar ulgamynyň we ýokanç kesellerini anyklamak üçin test) hakynda gürrüň berdi. Kompaniýa bu ugurdaky tejribäni Türkmenistanda bilelikdäki önümçiligi döretmekde ulanmagy teklip etdi.

Bellenilişi ýaly, “DiproMed” arassaçylyk önümlerini, lukmançylyk işgärleri üçin şahsy gorag enjamlaryny, hirurgiki maskalary, FFP2 görnüşli professional respiratorlaryny öndürýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen diplomaty Wengriýanyň resmi adamlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy
Türkmenistan Awstriýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ronaldonyň çempionatdaky gollarynyň sany 9-a ýetdi
“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar
Türkmen wekiliýeti “TürkmenistanABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy