Awtoulag sergisi “gibrid” görnüşde geçiriler

Ýewropanyň we dünýäniň iň esasy awtoulag sergileriniň biri bolan Frankfurk awtoulag sergisi (nemesçe: “Internationale Automobil-Ausstellung”) şu ýyl sanly hem-de adaty görnüşde geçiriler.Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli sanly ulgam arkaly geçirilipdi. Şu ýylyň 7 12-nji sentýabrynda geçiriljek Frankfurt awtoulag sergisiniň iki görnüşde hem geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 70 ýyldan bäri geçirilip gelinýän halkara çäre ilkinji gezek Mýunhende geçiriler.

Sergä “Volkswagen”, BMW we “Daimler” ýaly nemes kompaniýalar bilen bir hatarda “Ford”, “Hyundai”, “Renault”, “Stellantis” we birnäçe hytaý kompaniýalaryň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Şäheriň Rim atly sebitinde açyk meýdanda geçiriljek serginiň sanly görnüşdäkisinde “artdyrylan hakykat” tehnologiýasyndan peýdalanylar.

The post Awtoulag sergisi “gibrid” görnüşde geçiriler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji zawodyny gurar
Alfa Romeo-nyň ilkinji elektromobili 2024-nji ýylda çykar
Ýewropada awtoulag satuwy artdy
Toyota 2021-nji ýylda awtoulag satuwy boýunça dünýäde öňdebaryjy boldy
Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär
Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Stella Türkmenistanda otaglaryň görnüşine täze öwüşgin çaýmak üçin bezeg tagtalaryny hödürleýär