Aýdymçy we aktýor Wahtang Kikabidze aradan çykdy

Aýdymçy we aktýor Wahtang Kikabidze aradan çykdy

Sowet we gruzin aktýory, aýdymçy hem-de kinorežissýor Wahtang Kikabidze düýn 84 ýaşynda aradan çykdy. Ol soňky ýyllarda agyr keseli başdan geçirdi diýip, Gruziýanyň Mtawari arhi teleýaýlymyna salgylanyp, MIR 24 habar berdi.

Wahtang Kikabidze 1938-nji ýylda Tbiliside dünýä indi. 1966-njy ýylda Orera aýdym-saz toparynyň agzasy boldy we Dagdaky duşuşyk atly ilkinji filminde surata düşdi. Bir ýyldan soňra Gam çekme! atly filmde döreden keşbi üçin Kartahenede geçen halkara kinofestiwalda baýraga mynasyp boldy.

1977-nji ýylda Mimino atly filmde döreden uçarman Walentin Mizandariniň keşbi üçin SSSR-iň Döwlet baýragyny aldy. Bu film artiste öňki Soýuzyň ähli künjeginde meşhurlyk getirdi, onuň gahrymanynyň sözleri dessine halk içinde giňden ýörgünli boldy.

Wahtang Kikabidze 2020-nji ýylda Gruziýanyň Mejlisiniň deputaty boldy.

2016-njy ýylda Kikabidzäniň dürli milletleriň wekilleri barada nowellalary özünde jemleýän Olar atly kitaby çap edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm tejribedir
Goragçy Zafar Babajanow Merwiň düzümine goşuldy
Täze awtoban Baýramaly Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjilere käbir oňaýsyzlyklary wada berýär
Milli Taekwandoçylar Rimde Bäsleşer
Türkmen konsuly Astrahandaky Kaspi deňiz we derýa ulaglary institutyna bardy