Täze awtoban Baýramaly Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjilere käbir oňaýsyzlyklary wada berýär

Täze awtoban Baýramaly  Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjilere käbir oňaýsyzlyklary wada berýär

Häzirki wagta Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine barmak üçin, sürüjiler 200 kilometr töweregi ýol sökýär. Aşgabat Türkmenabat aralygynda gurulýan täze awtobanyň işe girizmegi bilen, sürüjiler Baýramaly Türkmenabat ýolunyň 310 kilometre çenli uzajakdygyny aýdýarlar.

Häzirki wagtda Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy dowam edýär. Döwlet metbugaty ýokary tizlikli täze awtomobil ýoluny “ýurduň transport we tranzit ulgamynda gazanylan möhüm sepgit” hökmünde mahabatlandyrýar.

Aşgabat Türkmenabat aralygynda gurulýan täze awtobanyň Mary welaýatynyň çäginden geçýän bölegi Ýolöten etrabynyň üstünden geçýär, ýöne Aşgabat Türkmenabat aralygynda häzir bar bolan köne awtomagistral Mary we Baýramaly şäherleriniň üstünden geçýär. Ýolöteniň etrap merkezi Marynyň welaýat merkezinden 55 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär. Şeýlelikde, Baýramalydan Türkmenabada, ýa-da Baýramalydan Aşgabada gitmekçi bolýan awtomobil ulagy, ilki bilen, Mary şäherine barmaly, ondan Ýolöten etrabynyň çägine barmaly. Şondan soň, täze awtobana çykyp, isle Aşgabada, isle Türkmenabada tarap ýola düşmeli.

Kartada has düşnükli bolar ýaly, häzir bar bolan köne awtomagistralyň ugry bilen Türkmenistanyň günortasynda ýerleşýän paýtagt Aşgabatdan ýurduň gündogar merkezi bolan Türkmenabat şäherine barmak üçin, Änew, Ýaşlyk, Artyk, Kaka, Duşak we Tejen sebitleriniň üstünden geçip, günorta-gündogar Mary welaýatynyň çägine girilýär. Köne awtomagistral Mary welaýatynyň çäginde Sakarçäge etrabynyň deňinden, Mary we Baýramaly şäherleriniň üstünden geçip, Türkmenabada barýar.

Ýöne Täze awtoban Mary şäheriniň üstünden geçmeýär, awtoban Marynyň has günorta sebitleriniň üstünden, Ýolöten etrabynyň çäginden geçýär. Şeýlelikde, täze ýokary tizlikli ýol Mary we Baýramaly şäherleriniň has günortasyndan sowlup, soňra Berkararlyk şäherçesine barýar we şol ýerden köne awtomagistrala parallel Lebap welaýatyna tarap uzap gidýär.

“Häzir Baýramalydan Türkmenabada gitjek bolsaň, 200 kilometr töweregi ýol geçmeli. Ýöne täze awtoban işe girizilenden soňra, Baýramalydan Mara çenli 25 kilometr, Marydan Ýolötene çenli 35 kilometr, Ýolötenden Türkmenabada çenli 250 kilometr, jemi 310 kilometr ýol geçmeli” diýip, bir sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sürüjiler häzir 200 kilometre barabar bolan Baýramaly Türkmenabat ýolunyň täze awtoban bilen goşmaça 110 kilometr töweregi uzajakdygyny, munuň özleri üçin, hem wagt, hem ýangyç hem-de goşmaça çykdajy talap etjekdigini aýdýarlar.

Üstesine, täze awtoban tölegli bolar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýokary tizlikli ýoluň töleginiň 60 manat töwereginde boljakdygynyň çaklanýandygyny habar berýär.

Şeýlelikde, Baýramalydan Türkmenabada ýol çykan sürüji awtoban üçin 60 manat, benzin üçin goşmaça 100 manat töwereginde çykdajy etmeli bolar. Baýramalydan Aşgabada gitjek bolsaň, awtoban üçin 60 manat, benzin üçin goşmaça 200 manat çykdajy etmeli bolar.

Bahasy 2,3 milliard dollar, uzynlygy 600 kilometr töweregi bolan Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylda girişildi. “Türkmen Awtobany” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanylan ýoluň gurluşygy Aşgabat Tejen, Tejen Mary we Mary Türkmenabat bölekleri hökmünde üç tapgyrda planlaşdyryldy.

Awtobanyň Tejen Mary bölegini 2022-nji ýylyň dekabryna çenli, Mary Türkmenabat bölegini bolsa, 2023-nji ýylyň dekabryna çenli tamamlamak göz öňünde tutulypdy. Aşgabat Tejen awtobanynyň gurluşygy 2021-nji ýylyň oktýabrynda tamamlandy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy häzirki wagtda täze awtobanyň Mary welaýatynyň Berkararlyk şäherçesinden geçýän böleginiň ugrunda bir köprüniň gurulýandygyny habar berýärler.

Häzirki wagtda Baýramaly bilen Türkmenabat aradaky köne awtomagistraldan peýdalanýan sürüjiler täze awtobanyň işe girizilmegi bilen öňki ýoluň ýapylmagyndan howatyr edýärler.

Köne ýoluň çukanak-sakanak ýerleri bar, üstesine bu ýolda awtoulaglara aňry gitse sagatda 90-100 kilometr tizlik bilen sürmäge rugsat berilýär, ýolda ýygy-ýygydan duş gelýän çukanaklar awtomobil ulagynyň tizligini ýokarlandyrmaga rugsat bermeýär. Ýöne, her niçik-de bolsa, köne ýolda Baýramaly bilen Türkmenabat aralygynda gatnaýan ulaglar 60 manat ýol töleginden, hem-de 110 kilometr töweregi goşmaça ýol geçmekden halas bolarlar.

Türkmenistanyň hökümeti mundan ozal, 2017-nji ýylda Aşgabat Türkmenbaşy ýokary tizlikli ýolunyň hem gurulýandygyny yglan etdi. Ilkibaşda, 2020-nji ýylyň sentýabrynda işe girizilmegi planlaşdyrylan Aşgabat Türkmenbaşy multimodal awtobanynyň gurluşygy, aradan geçen üç ýyla garamazdan, heniz doly tamamlanmady.

Türkmenistanyň gündogar, günorta we günbatar sebitlerini biri-birine sepleýän täze awtobanlar işe girizilen halatynda, Türkmenistanyň iň gündogarynda ýerleşýän Farap serhedinden ýurduň çägine giren awtomobil ulagy Lebap we Mary welaýatlarynyň, şeýle-de paýtagt Aşgabadyň hem-de Ahal welaýatynyň üstünden geçip, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine, ondan aňry Garabogaz aýlagynyň üstünden geçip, Türkmenistan bilen Gazagystan aradaky serhet geçelgesine baryp biler.

Şeýle-de, günbatarda gazak, gündogarda özbek serhetlerinden Türkmenistana giren awtomobil ulaglary täze awtobanlaryň üsti bilen eýran serhedine-de geçip bilerler.

Ýöne bu taslamalaryň anyk haçan durmuşa geçiriljekdigi, bu işleriň ýönekeý raýatlara getirjek bähbidi sorag astynda galýar.

Habarçylarymyz awtoban işe girizilen halatynda ulaglaryň töleg talonlaryny almazdan ýoldan peýdalanyp bilmejekdiklerini, ýokary tizlikli ýola gapdal ýollardan goşulmagyň çäklendiriljekdigini habar berýärler.

Ýapyk Türkmenistan özüni Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi atlandyryp, öz hyzmatdaşlaryna iri halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini hödürleýändigini aýdýar. Ýöne Azatlyk Radiosy mundan ozal ýurduň käbir gümrük nokatlarynda birnäçe günläp garaşdyrylýan daşary ýurt ýük ulaglary, türkmen gümrüginden geçmegiň kynçylyklary barada habar beripdi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli häkimiýetleriň häzirki wagtda ähli ünsi Mary Türkmenabat aralygyndaky awtobanyň gurluşygyna gönükdirip, iki şäheriň arasynda ozal bar bolan magistraly abatlamak işleriniň ünsden düşürilýändigini, munuň netijesinde köne ýoluň ugrunda hasaba alynýan ýol-ulag hadysalarynyň, köçe-ýol heläkçilikleriniň artýandygyny habar berýärler.

Habarçylarymyz martyň başlarynda Mary Türkmenabat gara ýolunyň ugrunda bolan ýol heläkçiliginde ýedi adamyň heläk bolandygyny habar berdiler.

Türkmen hökümeti ýurduň ýollarynda hasaba alynýan ýol-ulag hadysalary barada hasabat bermeýär.

Aşgabat Türkmenbaşy aralygyndaky ýokary tizlikli täze awtobanyň gurluşygy 2017-nji ýylda Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasyna ynanyldy.Türkmen metbugaty bir döwür ýoluň gurluşygyna girişilendigini habar berdi.Dürli elektron çeşmeler Aşgabat Türkmenbaşy multimodal ýolunyň taslamasynyň göze ýakymly wideolary paýlaşyldy. Ýöne sähel salym soň, bu ýoluň gurluşygynyň buýrujy bilen potratçynyň arasyndaky “töleg dawalary” sebäpli togtadylandygy mälim boldy. 2018-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny tamamlanmagynyň wajypdygy aýdyp, degişli resmilere tabşyryk berdi. Ýöne geçen döwrüň dowamynda bu ýoluň gurluşygynyň tamamlanandygy ýa-da tamamlanmandygy barada resmi maglumat berilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Medwedew Ukrainanyň territoriýasynyň paýlaşylýan kartany görkezdi
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Aýdymçy we aktýor Wahtang Kikabidze aradan çykdy
Goragçy Zafar Babajanow Merwiň düzümine goşuldy
Milli Taekwandoçylar Rimde Bäsleşer
Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm tejribedir