Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm tejribedir

Daşary syýasat döwlet işiniň halkara giňişliginde alnyp barylýan esasy ugry bolup, ol, esasan hem, ýurduň ykdysady, demografiýa, ylmy-tehniki we medeni kuwwatyna esaslanýar.Halkara gatnaşyklarynyň çygrynda döwletleriň özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, halkara guramalary, döwlete degişli däl we täjirçilik häsiýeti bolmadyk guramalar we transmilli korporasiýalar bilen alyp barýan köpugurly hem-de çylşyrymly gatnaşyklaryň jemi daşary syýasatyň mazmunyny düzýär.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty içerki ösüş üçin amatly halkara şertlerini döretmäge gönükdirilen bolup, dünýä giňişliginde Bitarap döwletimiziň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge ýardam berýär. Şeýle hem ygrarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda ileri tutulýan tagallalaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan bäş strategik maksatly ugurlara gönükdirjekdigi aýdylýar.

Olar: 1) parahatçylygyň we howpsuzlygy üpjün etmek; 2) ýurdumyzyň Bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek we ilerletmek; 3) daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak; 4) durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek; 5) halkara gatnaşyklaryny ynsanperwerleşdirmäge, olara ýokary ahlak we adalat standartlaryny ornaşdyrmaga ýardam bermek.

Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasatynyň tutuş dünýä boýunça kabul edilen durnukly ösüşiň esasy maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge oňyn goşandygynyň bardygy bellärliklidir.Bu babatda Hormatly Arkadagymyzyň Häzirki günde biziň ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi sebit we dünýä möçberinde ýagdaýlary durnuklaşdyrmaga, syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa taýdan wajyp meseleler çözülen halatynda döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirmegiň faktory hökmünde özüni has hem aýdyň ýüze çykarýar [2, 20-27 s.] diýip bellemegi oýlanyşykly alnyp barylýan daşary syýasatyň halkara maksatlary bilen utgaşmagynda umumy tagallalary birleşdirmek bilen bagly täze netijeli guralyň döreýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde köptaraply jebis hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ileri tutulýan strategik ugry bolup, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň syýasy durnuklylygy, depginli ösýän ykdysady ulgamy, ilatyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň kem-kemden ýokarlanmagy, ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna giňden goşulyşmagynyň mümkinçiliklerini öňünden kesgitleýändigi baradaky ýörelgeler Arkadagly Serdarymyzyň taglymatlarynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Hormatly Arkadagymyz Bitarap Türkmenistan atly kitaby türkmen bitaraplygynyň taryhy kökleri, bitaraplygyň türkmen nusgasynyň sebit we halkara ähmiýeti, häzirki zaman hakykaty hökmünde, türkmen bitaraplygyň artykmaçlyklary we üstünlikleri babatda çuň manyly garaýyşlary özünde jemleýän eserdir. Ýeri gelende bellesek, bu kitap Milli Liderimiziň döwletimiziň Bitaraplygynyň esaslary we düýp mazmuny bilen bagly pikirlerini hem öz içine alýar. Ýurdumyzyň saýlap alan daşary syýasat ugry şu ajaýyp jümlede öz beýanyny tapýar: Bitarap Türkmenistan özüniň daşary syýasat ugruny saýlap alyp, öňe tarap ynamly gadamlary urýar Biziň ýöredýän daşary syýasatymyzyň maksady ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmekden, döwletiň garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny berkitmekden, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan ýokary götermekden, planetamyzyň ähli halklarynyň hatyrasyna köptaraplaýyn ylalaşdyryjylyk işlerini alyp barmakdan ybaratdyr. [1, 10 s.]

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar etmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde Goşulyşmazlyk Hereketi we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri we abraýly guramalaryň uly goldawyny nygtamak zerurdyr.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir.Munuň bilen bagly Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2012-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda: Türkmenistan bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerine pugta eýermek bilen, dawalaryň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen çözülmegine berk ygrarly bolmak arkaly, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, ilkinji nobatda, BMG-niň Tertipnamasyna ygrarly bolmagynda galýar diýlip bellenip geçilýär.

Galyberse-de, bu möhüm resminamada nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy bilen doly möçberli, maksada gönükdirilen we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň strategik taýdan saýlap alan ýoly bolup durýar.Birleşen Milletler Guramasynyň halkara gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň we dünýä syýasatyny utgaşdyrmagyň anyk wezipesi bolup galmalydyr.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň häzirki zaman global hereketleri ulgamynyň, ählumumy parahatçylygyň we bähbitleriň deňagramlylygynyň, howpsuzlygyň saklanylmagynyň we goldanylmagynyň, yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň doly möçberde durmuşa geçirilmeginiň kesgitleýji diregi hökmünde esasy utgaşdyryjy häsiýete eýe bolan ornunyň pugtalandyrylmagy boýunça tagallalaryny dowam etmek ugrunda çykyş edýär.

Hormatly Arkadagymyz Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň XVIII Sammitinde eden taryhy çykyşynda bu garamanyň ählumumy parahatçylygy, strategik durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga gönükdirilen işlerine ýokary baha bermek bilen şeýle belläpdi: … hut 1995-nji ýylyň oktýabr aýynda Goşulyşmazlyk hereketiniň döwlet baştutanlarynyň Kolumbiýanyň Kartahena şäherinde geçen duşuşygynda Türkmenistanyň Bitarap döwlet bolmak meýlini goşulyşmaýan ýurtlaryň biragyzdan goldandygyny biz hiç wagt unutmarys we hemişe minnetdarlyk bilen nygtaýarys.

Biz şol günki wakany türkmen bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde öňe sürülmeginde we geljekde Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde berkidilmeginde aýratyn tapgyryň ornuny tutýan waka diýip hasap etmäge doly haklydyrys. [4]

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1995-nji ýylyň 15-nji martynda kabul edilen Yslamabat Jarnamasynda we Goşulyşmazlyk Hereketiniň 1995-nji ýylyň oktýabrynda kabul eden Kartahena Rezolýusiýasynda Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldamagy üpjün edýän wajyp halkara hukuk resminamalardyr.

Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen baglaşan halkara-hukuk derejesindäki birnäçe ikitaraplaýyn resminamalary (ylalaşyklar, beýannamalar, beýanatlar, jarnamalar) hem onuň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň ykrar edilmeginiň hukuk esasy hökmünde bolup durýar. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap amala aşyrýan oňyn bitaraplyk daşary syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy derejesinde ykrar edilmegi halkara gatnaşyklary ulgamyndan synagdan geçen institutlaryň biri bolan bitaraplygyň taryhynda-da ilkinji tejribe boldy.

Türkmenistanyň bitaraplygy Merkezi Aziýa sebitinde we ondan hem has giň çäklerde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, durnukly ösüşiň özboluşly we netijeli guraly hökmünde herekete girdi. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda 193 döwletiň goldamagynda, agza ýurtlaryň 47-siniň awtordaşlygynda kabul edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Rezolýusiýa ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň goldamak bilen, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde onuň işjeň we oňyn ornuny ýene bir ýola ykrarnamasyna öwrüldi.

Resminamada Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde ykdysady, durmuş, medeni we ekologiýa hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryň halkara goldawyna eýedigi bellenýär.Aýratyn hem ylalaşdyryjy döwlet hökmünde Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen täjigara we owganara gepleşikleriniň sebitiň derwaýys meselelerine diplomatik dialoga daýanýan çözgütleri hödürlemekdäki oňyn goşantlary nygtalýar.

Bitaraplygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli Liderimiz onuň dürli meselelerde anyk hem-de giň gepleşikleri geçirmäge şert döredýänligini, özara kabul edip boljak çözgütleri tapmaga, hyzmatdaşlygyň täze halkara görnüşlerini işjeň ösdürmäge ýardam edýänligini aýratyn belledi. Şoňa görä-de, Türkmenistan ählumumy ösüşiň örän möhüm meseleleri boýunça giň we köptaraply pikir alyşmalaryň ykrar edilen merkezleriniň biri hökmünde özüniň ornuny barha berkidýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň ozalky Baş Sekretarlary, tanymal syýasatçylar Pan Gi Munuň (2007-2017 ý.): Bu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana dünýä bileleşiginiň aýratyn gyzyklanmasynyň ykrar edilýändigi duýulýar.Bu ýurduň roly diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, tutuş dünýäde barha artýar ýa-da bolmasa Kofi Annanyň (1997-2007 ý.): Umumy maksatlarymyza tarap öňe barýan wagtymyzda, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hökümetiniň we halkynyň boýun alan borçlaryna hem-de dowam edýän goldawyna bil baglap biljekdigini duýmak örän ýakymly diýip, bellemekleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatymyzyň halkara goldawa eýedigini alamatlandyrýar. [1, 38 s.]

2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýle ýokary halkara derejesindäki çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýänligini we onuň hemişelik bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun tutýandygyny subut etdi.

Türkmenistanyň öňe sürýän daşary syýasat başlangyçlarynyň halkara giňişliginde giňden goldanylmagy we yzygiderli ösdürilmegi onuň Milletler Bileleşiginiň çäklerinde köptaraply diplomatiýasynyň barha ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Bu resminamada bellenilişi ýaly, bitaraplyk milli syýasaty degişli sebitlerde hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär we parahatçylykly, dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup biler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan, şeýle hem türkmen bitaraplygynyň netijeli gatnaşyklaryň hem-de ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak maksady bilen hyzmatdaşlygyň täsirli guraly bolup, geljege gönükdirilendigi nygtalýar.Mälim bolşy ýaly, Halkara Bitaraplyk gününi döretmek baradaky başlangyç Gahryman Arkadagymyz tarapyndan 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli Halkara maslahatynda öňe sürülipdi.

Sebitde we dünýäde asuda ýaşaýyşynyň hem-de parahat durmuşyň kepili hökmünde çykyş edýän hemişelik Bitaraplygymyz durnukly ösüşi üpjün etmekde hem möhüm tejribedir.

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen gutlagynda şeýle setirler bar: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişilmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli nusgalarynyň taýýarlanmagy babatda täze mümkinçiliklere itergi berýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Dialog parahatçylygyň kepilidir atly halkara maslahatyň ähmiýeti örän ýokarydyr. Hut şu nukdaýnazardan hem, biz, bu beýik ideýany halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy diýip atlandyrýarys.

Gylyçmuhammet JORAÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Halkara Anadoly Ankasy Türgenleşigi-2024-iň Metbugata Tanyşdyryş Bölümi Geçirildi
Medwedew Ukrainanyň territoriýasynyň paýlaşylýan kartany görkezdi
Goragçy Zafar Babajanow Merwiň düzümine goşuldy
Täze awtoban Baýramaly Türkmenabat aralygynda gatnaýan sürüjilere käbir oňaýsyzlyklary wada berýär
Milli Taekwandoçylar Rimde Bäsleşer
Aýdymçy we aktýor Wahtang Kikabidze aradan çykdy