Aýntraht UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

Aýntraht UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

Aýntraht nemes futbol kluby final duşuşygynda Şotlandiýanyň Glazgo Reýnjers klubuny ýeňip, UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

Duşuşyk Ispaniýanyň Sewilýa şäherinde Roman Sançes Pishuan stadionynda geçirildi.Duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasap bilen tamamlandy.Oýunda hasaby Reýnjersden Jo Aribi 57-nji minutda açdy. 69-njy minutda Aýntrahtdan Rafael Borre hasaby deňledi.

Goşmaça wagtda gol geçirilmedi.Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda Aýntraht 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy.Nemes kluby taryhynda ikinji gezek bu baýragy gazandy. Öň, klub 1980-nji ýylda UEFA Kubogyny gazanypdy (2009-njy ýylda bu baýrak UEFA Ýewropa ligasy diýlip üýtgedildi).

Bu ýeňşi mynasybetli Aýntraht taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa”, “Barselona”, “Inter” bir toparçada UEFA Çempionlar Ligasynyň bijeleri çekildi
Ýewropa ligasynyň final duşuşygyna Türkmenistanda haýsy ýaýlym arkaly tomaşa edip bolar?
42 ýyldan soň 2-nji çempionlygy
Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň toparlaýyn tapgyrynyň bijeleri çekildi
Liwerpul Reýnjersi 7:1 edip utdy, Salah 6 minutda het-trik etdi
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji duşuşyklar: “Inter” “Barselona”, “Çelsi” “Milan”