Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatdaky meşhur “Sky-bar” ýapyldy

Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatdaky meşhur “Sky-bar” ýapyldy

Aşgabatdaky "Sky-bar" meşhur kluby Türkmenistanyň prezidentiniň dogan-garyndaşlary bilen bagly bolan uruş-dawalar barada habarynyň ýaýramagynyň yz ýany ýapyldy. Aşgabatdaky ol baryň ýapylandygyny garaşsyz "turkmen.news" neşiri habar berdi. Ol ýerde bolan waka barada, Azatlyk Radiosynyň habar bermeginden soň, baryň ýapylandygy aýdylýar. Ol wakada prezidentiň doganoglany Şamyrat Rejepow "Sky-baryň" işgärini we myhmanlaryny urandygy aýdylýardy.

Şamyrat Rejepow bilen bagly bolan çaknyşyk barada, Azatlyk Radiosy ýanwar aýynda habar beripdi. Şaýatlaryň biri meşhur “Sky-bardaky” çaknyşygyň 6-njy ýanwarda agşamara, şol ýere prezidentiň garyndaşy bolan, “Şammy bikanunçy” ady bilen tanalýan Şamyrat Rejepow gelenden soň, ýüze çykandygyny aýtdy.

"Barda henizem müşderiler bardy.Birden gapydan gysga aýakly, gysga boýly semizräk bir adam harby serkerdäniň ýörişi ýaly ýöräp girdi, onuň ýanynda iki janpenasy bardy.Ol barmene ýakynlaşdy we oňa gygyryp başlady: "Näme üçin hemmesi ýok bolmady?!" diýip, onuň ýüzüne ýumruk çaldy.

Geň galdyryjy ýeri, barmen hem oňa gaýtargy berdi.Soňra janpenalar barmeni tutdular we 'Şammy-ýegen' barmeni ýene birnäçe gezek urdy. Ýöne soň janpenalar barmene 200 dollar berdiler" diýip, barda ýüze çykan ýagdaýda şaýat bolanlaryň biri gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, Şammy munuň bilen köşeşmändir we beýleki oturan myhmanlary-da azar berip başlapdyr.

Ol baryň içinde doňup galan adamlaryň arasynda aýlanyp başlady we göwreli aýaly bilen oturan bir ýaş ýigidiň stoluna ýakynlaşdy.Oňa üns bilen seretdi-de birden gyzyň ýüzüne urdy.

Onuň adamsy böküp turdy.Howpsuzlyk işgärleri ýigidi tutdular we 'meşhur ýegen' ony ýençdi. Şondan soň zalymlaryň üçüsi gitdiler.Adamlar gizlenen ýerlerinden gaýdyp gelip, gaharly dargadylar" diýip, şaýatlaryň ýene biri gürrüň berdi.

Turkmen.news neşiriniň çeşmesi prezident Serdar Berdimuhamedowyň doganoglanynyň hakykatdan-da "Sky-barda" dawa turzandygyny we myhmanlara azar berendigini tassyklaýar, ýöne ol bu ýagdaýy has ýumşak beýan etdi.

Her nähili-de bolsa, aşgabatly ýaşaýjylaryň arasynda meşhur bolan "Sky-barda" Şammy sebäpli ýüze çykan çaknyşyk barada, metbugata maglumat ýaýradylandan soň, ol ýapylypdyr.

Indi bolsa, prezidentiň dogan-garyndaşlarynyň "medeniýetli dynç alyşy" bilen bagly ýeriň daşary ýurt köpçülikleýin habar serişdelerinde ýene ýüze çykmagy, galmagalçy doganoglanyndan dynmak mümkin bolmandygy üçin, iň bolmanda, ol edaradan dynmak mümkin diýlen karara gelindi diýip, turkmen.news ýazýar.

38 ýaşly Rejepow 63 ýaşly Durdynabat Rejepowanyň, ýagny Gurbanguly Berdimuhamedowyň 5 sany täsirli we arka tapynyp baý bolan aýal doganlarynyň iň ulusynyň ogly.

Rejepow öz doganoglany, Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň öňki başlygy Gülnabat Döwletowanyň gyzy bilen nikaly. 61 ýaşly Döwletowa Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýleki bir aýal dogany bolmaly.

Synçylaryň pikirine görä, doganlar ýurduň ozalky prezidentine güýçli täsir edýärler.

Aýdylýan gep-gürrüňlere görä, Rejepow gaýynenesiniň wezipesinden peýdalanyp, Gyzyl ýarymaý jemgyýetçilik guramasynyň üsti bilen çilim we beýleki harytlary ýurda getirmekde peýdalanyp, gümrük salgytlaryndan gaça durup gelýär.

Ilkinji maşgalada bolan beýleki doganlary ýaly, Rejepowlar hem ajaýyp baýdylar, girdejili şertnamalary we döwlet emlägini nyrhlaryndan peseldip hususylaşdyrmagyň mümkinçiliklerinden peýdalandylar.

2021-nji ýylda Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa Barlagy merkezi (OCCRP) tarapyndan geçirilen barlagda, Hajymyrat Rejepowyň dolandyrýan firmasy Türkmenistana azyk önümlerini getirmek barada, 25,7 million amerikan dollaryna barabar bolan şertnama baglaşylandygy hakda habar berdi. Barlagyň kesgitleýşi ýaly, kompaniýanyň azyk önümlerini getirmekde tejribesi hem ýok eken.

Rejepowlaryň özlerini alyp barşy we olaryň sosial ulgamlarda kaşaň durmuşynyň görkezilmegi türkmenleriň arasynda ýaramaz garaýşy döretdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda 6 milliona golaý ilaty bolan bu ýurduň halkynyň aglaba bölegi garyplyk derejesinde ýaşaýar.

Sosial ulgamda bolan şeýle maglumatlaryň köpüsi öçürildi, käbir maşgalalar bolsa, 2022-nji ýylyň martynda geçirilen berk kontrollykdaky saýlawlardan soň, Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesine girişende, Instagram hasabyny ýapdylar.

Aýdylyşyna görä, 42 ýaşly Serdar Berdimuhamedow köp wagtdan bäri öz doganoglanlaryndan närazy we olary maşgalany masgaralaýar diýip aýyplaýar.

Prezidentlik kasamyny kabul ediş dabarasyndan bary-ýogy bir aý geçenden soň, Serdar öz daýzasy we Şamyradyň gaýynenesi Gülnabat Döwletowany Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy.

Döwletowa öz wezipesinden peýdalanyp, ynsanperwer kömek hökmünde gelen däri-dermanlary öz ulgamy bilen hususy dermanhanalarda, bikanun satdyrandygy barada, ýurtda gürrüňler boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy
Derňew hasabaty: Gözellik merkezi 90% arzanladyş bilen Berdimuhamedowyň garyndaşlaryna satyldy
Berdimuhamedowlaryň maşgala çaknyşygy. Prezident Gyzyl Ýarym aý jemgyýetiniň başlygy bolan daýzasyny wezipesinden boşatdy
Çeşme: Berdimuhamedow ýegeni Şamyrat Rejepowy Daşary ykdysady iş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi
“Dok çaýkanmasa, aç doýmaz…”
Serdar Berdimuhamedow daýzasyny Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy