Berdimuhamedowlaryň maşgala çaknyşygy. Prezident Gyzyl Ýarym aý jemgyýetiniň başlygy bolan daýzasyny wezipesinden boşatdy

Berdimuhamedowlaryň maşgala çaknyşygy. Prezident Gyzyl Ýarym aý jemgyýetiniň başlygy bolan daýzasyny wezipesinden boşatdy

“Azatlyk” radiýosynyň we Turkmen news neşiriniň habarlaryna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow milli Gyzyl Ýarym aý jemgyýetiniň baş ýolbaşçysy bolan daýzasy Gülnabat Rejebowany wezipesinden boşatdy.

Guramanyň başlygy Maral Açylowa.

Olaryň maglumatlaryna görä, bu aprel aýynda, kiçi Berdimuhamedow prezidentlige kasam kabul edenden soňra boldy. Habarlara görä, ol kakasy ýaly garyndaşlaryna hoşniýetli däl.

“Azatlygyň” ýazmagyna görä, prezidentiň daýzasyny wezipesinden boşatmagynyň sebäbi, ol doganoglany we kürsisini terk eden daýzasynyň giýewisi Şamyrat Rejebowy halamaýar.

Ýeri gelende bellesek, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” geçen ýylyň ahyrlarynda we şu ýylyň başlarynda çap eden analizlerinde kiçi Berdimuhamedowyň doganoglanlary Şamyrat we Hajymyrat Rejebowlary halamaýandygy we kökli’, tüçjar baý doganloglanlarynyň özüne uly howp’ hasaplaýandygyny jikme-jik bellenipdi.

Apreliň başlarynda “Türkmenistanyň Hronikasynyň” iki çeşmesiniň beren maglumatlaryna görä, täze prezident garyndaşlaryny yzarlamaga başlady. Emma, maglumatlardaky käbir jikme-jikler biri-birine çapraz gelýärdi. Hut bu sebäpli, şonda redaksiýa magluamtlary çap etmekden saklanypdy. Emma, häzir bu faktlary iki neşiriň çeşmeleri tassyklandan soňra, biz özümizde bar bolan goşmaça maglumatlary çap edýäris.

Bellesek, “Azatlygyň” maglumatlaryna görä, Döwletowa 20-nji aprelde kürsisini terk edipdir.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleri bu wakanyň has öňräk bolandygyny ýazýarlar. Biz çeşmelerimiziň howpsuzlygyny göz öňünde tutup, maglumatlaryň alnan anyk günini görkezmekden saklanýarys.

______________________

Hajymyrat we Şamyrat Rejebowlar (prezidentiň doganoglanlary) prezidentlik saýlawlaryndan soňra ýurdy terk etdiler we apreliň başlaryna çenli Dubaýda galdylar. Mälim boluşy ýaly, olaryň Türkmenistandaky hasaplary we telekeçilik gurluşlary doňduryldy. Şol bir wagtda, olaryň Aşgabatdaky söwda merkezleri we restoranlary işleýär.

Şonda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym aý jemgyýetiniň başlygy Gülnabat Döwletowadan 60 milýon çemesi manady( döwlet bahadan 17,1 milýon dollar we gara bazar’ nyrhdan 3 milýon dollar) döwlet býujetine yzyna bermek talap edildi. Şol pul döwlet tarapyndan guramany maliýeleşdirmek üçin geçirilipdi we soňra olar Döwletowa bilen ilteşikli araçylara degişli näbelli şirketleriň hasaplaryna ýatyrylypdy.Oňa Jemgyýetiň maliýe we materiýal serişdelerini bikanun ulanandygy barada jenaýat işi bilen haýbat atyldy.

Şol sanda, Jemgyýetiň garamagyndaky 3 sany “KAMAZ” Gülnabadyň äriniň şirketlerinde işledilýär.Mundan başga-da,onuň gyzynyň Dubaýda söwda merkezi we restorany bar.

Olary açmak we maliýeleşdirmek üçinem Jemgyýetiň pullary ulanyldy.

Şol wagt Gülnabadyň wezipesini terk etmezligini we oňa garşy jenaýat işiniň gozgalmazlygyny ejesi – prezidentiň bolsa, enesi gazanypdy.

Gülnabadyň, Hajymyradyň we Şamyradyň “küşdini bermek” Serdaryň teklibi. Kiçi Berdimuhamedowyň howatyrlanyşyça, olaryň ellerindäki ummasyz maliýe serişdeleri, ýokary derejeli emeldarlar bilen şol sanda, güýç edalaryndaky gatnaşyklaryny (telekeçilik bähbitlerini) oňa garşy ulanmaklary we ýurtdaky durnuklylygy bozmaklary ähtimal.

____________________________

Mundan öň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary Gyzyl Ýarym aý jemgyýeti barada birnäçe maglumatlary beripdi. Ynha,gurama barada käbir gyzykly faktlar:

-2021-nji ýylyň güýzünde býujet işgärleriniň we studentleriň haklaryndan bir aý 15 manat tutulypdy we Jemgyýetiň hasabyna geçirilipdi.Onuň nämüçin ýygnalýandygy adamlara aýdylmady we bu barada owalyndan habar berilmedi,

-2020-nji ýylyň awgustynda mälim bolmagyna görä, Mary welaýatynyň Baýramalydaky ýag zawody üç ýylyň dowamynda her alty aýdan 180 tonna pagta ýagyny mugtyna Jemgyýete ýollapdy,

-Gurama 2021-nji ýyldan mukaddes Remezan aýynda maýyplara sowgatlar toplumyny paýlamagy togtatdy.

-Gurama 2020-nji ýyldan 8-nji martda maýyp zenanlara sowgatlar ibermegini ýatyrypdy.

Kada boýunça, olar et hem süýji-köke önümlerden, şeýlede witaminler we däri-dermanlardan ybaratdy.

-2019-njy ýylyň güýzünde“Türkmenistanyň Hronikasyna” belli bolmagyna görä, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasynda uly ýük awtoulaglary gatnapdylar.

Olar bilen bilelikdäki resminamalarda “barlamak gadagan” diýen bellik we Gülnabat Döwletowanyň goly bardy.The post Berdimuhamedowlaryň maşgala çaknyşygy.

Prezident Gyzyl Ýarym aý jemgyýetiniň başlygy bolan daýzasyny wezipesinden boşatdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň maglumatyndan soň, Aşgabatdaky meşhur “Sky-bar” ýapyldy
Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Serdar Berdimuhamedow daýzasyny Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň başlygy wezipesinden boşatdy
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy
Derňew hasabaty: Gözellik merkezi 90% arzanladyş bilen Berdimuhamedowyň garyndaşlaryna satyldy
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň döredilmeginiň 55 ýyllygy mynasybetli bäsleşik geçirildi