Aziýanyň kubogy — 2024-e gatnaşjak ähli ýygyndylar belli boldy

Aziýanyň kubogy — 2024-e gatnaşjak ähli ýygyndylar belli boldy

Futbol boýunça olimpiýa ýygyndylarynyň arasynda 2024-nji ýylda geçiriljek Aziýanyň kubogyna gatnaşjak ähli ýygyndylar belli boldy. Yklym ýaryşy geljek ýylyň 15-nji aprelinden 3-nji maýyna çenli aralykda Katarda geçiriler.

6 — 12-nji sentýabr aralygynda geçirilen saýlama duşuşyklardan soňra yklym ýaryşyna gatnaşjak 16 ýygyndy belli boldy. Şolaryň 14-si 2022-nji ýyldaky yklym ýaryşyna hem gatnaşypdylar.Saýlama tapgyrda türkmen futbolçylary bilen bir toparçada ýaryşan Indoneziýanyň ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek yklym çempionatyna gatnaşýan bolsa, Hytaý soňky gezek 2020-nji ýylda gatnaşyp bilipdi.

Gatnaşyjylaryň bäşisi — Koreýa Respublikasy, Ýaponiýa, Özbegistan, Yrak we Saud Arabystany ozal azyndan bir gezek çempion bolup gören ýygyndylardyr.Yklymyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri hasaplanylýan Eýranyň ýygyndysynyň gatnaşyp bilmezligi şu gezekki final tapgyryň esasy täzelikleriniň biri bolar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen ýygyndysy toparçada ikinji orny eýeländigine garamazdan, final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanyp bilmedi.

Has takygy, yklym ýaryşynda aşakdaky ýygyndylar ýaryşar:

1. Katar — ýer eýesi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 5-nji gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — üçünji orun (2018-nji ýyl);

2. Iordaniýa, saýlama tapgyryň A toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 6-njy gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — üçünji orun (2013);

3. Koreýa Respublikasy, saýlama tapgyryň B toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 6-njy gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — çempionlyk (2020);

4. Wýetnam, saýlama tapgyryň Ç toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 5-nji gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — ikinji orun (2018);

5. Ýaponiýa, saýlama tapgyryň D toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 6-njy gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — çempionlyk (2016);

6. Özbegistan, saýlama tapgyryň E toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 6-njy gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — çempionlyk (2018);

7. Yrak, saýlama tapgyryň F toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 6-njy gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — çempionlyk (2013);

8. Birleşen Arap Emirlikleri, saýlama tapgyryň G toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 5-nji gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — çärýek final (2013, 2016, 2020);

9. Tailand, saýlama tapgyryň H toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 5-nji gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — çärýek final (2020);

10. Awstraliýa, saýlama tapgyryň I toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 6-njy gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — üçünji orun (2020);

11. Saud Arabystany, saýlama tapgyryň J toparçasynyň ýeňijisi, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 6-njy gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — çempionlyk (2022);

12. Indoneziýa, K toparçanyň ýeňijisi, ilkinji gezek gatnaşýar;

13. Kuweýt, ikinji orny eýelänleriň arasynda iň ýokary netijäni gazanan ýygyndy , soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 3-nji gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — toparçalaýyn tapgyr (2013, 2022);

14. Täjigistan, ikinji orny eýelänleriň arasynda görkezijileri boýunça ikinji basgançakdaky ýygyndy, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 2-nji gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — toparçalaýyn tapgyr (2022);

15. Hytaý, ikinji orny eýelänleriň arasynda görkezijileri boýunça üçünji basgançakdaky ýygyndy, soňky gezek 2020-nji ýylda gatnaşdy, 5-nji gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — toparçalaýyn tapgyr (2013, 2016, 2018, 2020);

16. Malaýziýa, ikinji orny eýelänleriň arasynda görkezijileri boýunça dördünji basgançakdaky ýygyndy, soňky gezek 2022-nji ýylda gatnaşdy, 3-nji gezek gatnaşýar, iň gowy netijesi — çärýek final (2018).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlaryny bildi
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň futbol möwsümi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň futbol boýunça Olimpiýa ýygyndysy Aziýanyň kubogy — 2024-iň saýlama tapgyrynda Taýwany uly hasap bilen ýeňdi
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bijeleriniň haçan çekiljekdigi belli boldy
Türkmenistanyň futbol boýunça U-23 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň bije çekişligine birinji torbadan gatnaşar
Bursada TEKNOFEST-iň çäginde ýaryş geçirilýär