Aziýanyň kubogy ― 2024-iň resmi pökgüsi tanyşdyryldy

Aziýanyň kubogy ― 2024-iň resmi pökgüsi tanyşdyryldy

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy we Kelme kompaniýasy 12-nji ýanwar ― 10-njy fewral aralygynda Katarda geçiriljek Aziýanyň kubogynyň resmi pökgüsi bilen tanyşdyrdy. Pökgi VORTEVAC23+ diýlip atlandyrylýar.

Aziýanyň kubogynyň duşuşyklary Kataryň 8 stadionynda geçiriler. Yklym ýaryşynyň açylyş duşuşygy 12-nji ýanwar güni Al-Baýt stadionynda Kataryň we Liwanyň ýygyndylarynyň arasynda bolar. Bu duşuşygyň Aşgabat wagty bilen sagat 23-de başlanmagyna garaşylýar.

Ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 12 ― 25-nji ýanwar aralygynda, 1/8 finallar 28 ― 31-nji ýanwarda, çärýek final duşuşyklary 2-nji we 3-nji fewralda, ýarym finallar 6-njy we 7-nji fewralda, final bolsa 10-njy fewralda geçiriler.

Aziýanyň kubogy ― 2024-iň toparçalary:

A toparça: Katar, Hytaý, Täjigistan, Liwan;

B toparça: Özbegistan, Awstraliýa, Siriýa, Hindistan;

C toparça: Eýran, BAE, Gonkong, Palestina;

D toparça: Ýaponiýa, Indoneziýa, Yrak, Wýetnam;

E toparça: Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Iordaniýa, Bahreýn;

F toparça: Saud Arabystany, Tailand, Gyrgyzystan, Oman.

Ýene degişli makalalar

Arap Ýurtlary Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy
Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Aziýanyň kubogy ― 2024 üçin düzümleri belli boldy
7-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Aziýa Kubogynyň finalynda Kataryň we Iordaniýanyň ýygyndylary güýç synanyşarlar
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy