Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi

Dünýäde azyk önümleriniň bahasy 2,5 ýyldan bäri arzanlamagyny dowam etdirýär.Geçen aý dünýäde şeker, galla önümleri, ösümlik ýaglary we etiň bahasynyň arzanlamagy bilen 2021-nji ýylyň mart aýyndan bäri iň pes derejä ýetdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) tarapyndan taýýarlanan galla, ýaglyk tohumlar, süýt önümleri, et we şeker ýaly harytlaryň bahasynyň aýlyk üýtgeşmeleriň indeksi sentýabr aýynda 121,3 bal bolan bolsa, oktýabrda bu görkeziji 120,6 bala düşdi. Şeýlelikde, azyklyk çig malyň bahasy bir aýda 0,5 göterim arzanlapdyr.

Degişli döwürde tüwiniň bahasy 2 göterim, bugdaý 1,9 göterim arzanlapdyr.Mekgejöwen we iri däneli galla önümleri birneme gymmatlapdyr.

FAO-nyň ösümlik ýag indeksinde bolsa, bu önümiň 0,7 göterim arzanlandygy bellenilýär. Mundan ýaglyk ekinleriň hasylynyň alynýan döwri bolmagy we importyň azalmagynyň täsiri bolupdyr.

Degişli indekse görä, şekeriň bahasy 2,2 göterim arzanlapdyr. Ýylyň başyndan bäri yzygiderli arzanlaýan süýdüň bahasy oktýabr aýynda 2,2 göterim gymmatlapdyr.

Maýsa Gylyçmädowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
Türkmenistan bilen Italiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini maslahatlaşdy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy