BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy dünýäde azyk önümleriniň nyrhlarynyň aprelde martda hasaba alnan rekord derejedäki ösüşden soňra 0,8 göterim pese gaçandygyny habar berdi. Bu barada guramanyň metbugat-habarynda aýdylýar diýip, “Interfax.ru” ýazýar.
Emma ol şonuň bilen birlikde geçen ýylyň aprelindäkiden 29,8 göterim ýokary bolmagynda galýar.
Häzirki emele gelen oňyn ýagdaýa birdenkä ösümlik ýagyna, şeýle hem däne önümlerine nyrhlaryň biraz arzanlamagy sebäp boldy.
Däne önümleri babatda aýdylanda, aprelde olaryň nyrhy 1,8 göterim aşak düşdi, şunda mekgejöweniň hasylyň bazara Argentinadan we Braziliýadan gelip başlamagy sebäpli 3 göterim arzanlandygy habar berilýär. Gytlygyň döremegi sebäpli arpanyň bahasy 2,5 we bugdaý 0,2 göterim gymmatlady.
Tüwiniň nyrhynyň hem mart aýyndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, Aziýadaky eksport ediji ýurtlaryň içerki bazarda islegiň ýokarlanandygy, Hytaýyň we Ýakyn Gündogar döwletleriniň has köp satyn almagy hem-de Demirgazyk we Günorta Amerikada ýaramaz howa şertleri sebäpli 2,3 göterim gymmatlandygy bellenýär.
Şol bir wagtda ösümlik ýagynyň bahasy aprelde martdakydan 5,7 göterim pese gaçdy. Bu palma, günebakar we soýa ýaglaryna dünýäde islegiň aşaklamagy bilen şertlenendir.
Süýt önümleriniň bahalary martdaky bilen deňeşdirilende, 0,9 göterim gymmatlady, onuň ösüşi eýýäm sekiz aý bäri dowam edýär. Süýt önümleriniň dünýä nyrhlarynyň görkezijisi geçen ýylyň mart aýyndakydan 2,35 göterim gymmatdyr. Mesgäniň, ýagsyzlandyrylan gury süýdüň, peýniriň bahalary hem ösümlik ýagynyň we margariniň gytlygy bilen baglylykda gymmatlamagyny dowam edýär.
Ady agzalan guramanyň habarnamasynda etiň bahasynyň aprelde ýene 2,2 göterim gymmatlandygy bellenýär, bu, esasan, guş, doňuz we sygyr etine dünýä nyrhlarynyň ýokarlanmagy bilen baglydyr. Ýagdaýa Demirgazyk ýarymşarda guş dümewiniň möwç almagy-da ýaramaz täsir edýär.
Şekeriň bahasy-da aprelde 3,3 göterim gymmatlady, ösüş eýýäm ikinji aý dowam edýär. Muňa Braziliýada etanolyň bahasynyň ýokarlanmagy we brazil milli pulunyň — realyň ABŞ-nyň dollaryna gatnaşykda hümmetiniň berkemegi sebäp boldy.