FAO: azyk önümleriniň bahasy bäş aý bäri arzanlaýar

BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) awgust aýyndaky azyk önümleriniň bahasy baradaky görkezijisiniň ortaça derejesi iýul aýy bilen deňeşdirilende, 1,9 göterim azalyp, 138,0 bala deň boldy. Ýylyň başynda rekord derejä ýeten bu görkeziji bäş aý bäri yzly-yzyna azalýar, emma 2021-nji ýylda hasaba alnan bahadan 7,9 göterim ýokary.

Dänäniň bahalary öňki aý bilen deňeşdirilende, 1,4 göterim arzanlady. Bu ýagdaý bugdaýyň dünýä bahasynyň 5,1 göterim arzanlamagy bilen baglanyşyklydyr. Bu ösüş meýilleri Demirgazyk Amerikada we Russiýada gowulaşan önümçilik mümkinçiliklerini, şeýle hem Gara deňiz başlangyjynyň çäklerinde eksportyň täzeden ýola goýlandygyny görkezýär.

Tüwiniň bahasy aýyň dowamynda durnukly boldy, iýmlik däneleriň bahasy bolsa 0,2 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa Bileleşiginde we ABŞ-da yssy we gurak şertleri sebäpli mekgejöweniň dünýä bahalarynyň ýokarlanmagy arpa we sorgonyň (däneli ekinleriň bir urugy; şu uruga jöwen hem girýär) bahasynyň arzanlamagy bilen öwezini doldy.

Ösümlik ýagynyň bahasy iýul aýy bilen deňeşdirilende, 3,3 göterim arzanlap, 2021-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende, birneme pes derejä ýetdi.Soýa ýagynyň bahasy ABŞ-nyň önümçiligine ýaramaz howa şertleriniň täsiri baradaky aladalar sebäpli ortaça ýokarlandy.

Bu ýokarylyk palma, günebakar we raps ýaglarynyň arzan bahalary bilen öwezini dolup, günebakar ýagynyň ukrain portlaryndan ýuwaş-ýuwaşdan gaýtadan iberilýändigini görkezýär.

Süýt önümleriniň bahasynyň görkezijisi awgust aýynda 2 göterim pese gaçdy, 2021-nji ýylyň awgust aýynyň derejesinden 23,5 göterim ýokarlandy. Peýniriň dünýädäki bahalary onunjy aý yzly-yzyna ýokarlandy, süýdüň bahasy Günbatar Ýewropada we ABŞ-da önümçiligiň pesligine garamazdan, Täze Zelandiýadan iberilýän önümleriň artmagyna garaşylýar.

Et iýul bilen deňeşdirilende, 1,5 göterim pese gaçdy, ýöne bahasy bir ýyl ozalkydan 8,2 göterim ýokarlandy. Dünýäniň eksport bazaryndaky üpjünçiligiň ýokarlanmagynyň netijesinde, guş etiniň halkara bahalary awgust aýynda peseldi. Öňdebaryjy eksport edýän käbir ýurtlarda içerki islegleriň gowşanlygy sebäpli dünýäde iri şahly mallaryň etiniň bahasy hem pese gaçdy.

Şekeriň bahasy 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri iň pes dereje – 2,1 göterim aşaklady. Bu ýagdaý Hindistanda eksportyň ýokary derejede çäklendirilmegi we Braziliýada etanolyň bahasynyň peselmegi sebäpli ýüze çykdy.

Däne önümçiliginiň çaklamasy

FAO 2022-nji ýyl üçin däne önümleri boýunça täzelenen çaklamany hem ýaýratdy. Dünýäniň däne önümçiligi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 38,9 million tonna ýa-da 1,4 göterim peselmegine garaşylýar. Aşaklamanyň esasy bölegi iýmlik dänelere degişlidir. Ýewropa Bileleşiginde mekgejöweniň has yssy we gurak howa şertleri sebäpli geçen 5 ýylky ortaça derejeden 16 göterim pese gaçmagyna garaşylýar.

FAO dünýäde bugdaý öndürmek baradaky çaklamasyny iýul aýynda geçirilen soňky hasabat bilen deňeşdirilende, 777 million tonna çenli ýokarlandyrdy.FAO dünýäde bugdaý öndürmek baradaky çaklamasyny iýul aýynda geçirilen soňky hasabat bilen deňeşdirilende 777 million tonna çenli ýokarlandyrdy.

Bu Russiýada rekord derejede hasyla garaşylýarka hem-de Demirgazyk Amerikada amatly howa şertleriniň dörän wagtynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende birneme pesdir.

1945-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda esaslandyrylan Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) açlyga garşy göreş alyp barmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň iýmitlenmek ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen ähli ýurtlaryň bilelikdäki tagallalaryna ýolbaşçylyk edýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasydyr.

Dünýäniň 130-dan gowrak ýurdunda işleýän bu guramanyň düzüminde 184 ýurt bar.BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) esasy wezipesi açlyga garşy göreşmekdir.FAO ösen we ösýän ýurtlaryň azyk howpsuzlygy babatynda syýasy kararlary ara alyp maslahatlaşýan forum hökmünde çykyş edýär.

Mundan başga-da, FAO maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýär we ösýän ýurtlara oba hojalygy, tokaý hojalygy we balyk ösdürip ýetişdirmek tejribesini gowulandyrmakda kömek berýär we hemmeler üçin sagdyn iýmitlenmegi we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge çalyşýar.

Ýene degişli makalalar

FAO: Awgust aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary peseldi
FAO: Sentýabr aýynda şekeriň dünýädäki bahasy ýokarlandy
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
FAO tarapyndan topragy, suwy we ösümlikleri çalt seljermek üçin enjamlar toplumy satyn alyndy
Tüwiniň dünýädäki bahasy geçen 12 ýylda iň ýokary derejä ýetdi
Awazada Hazar deňzi dostluk we ylalaşyk deňzi atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Azygyň bahasy 2,5 ýylyň iň pes derejesine ýetdi