Bagdatda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşini bellemek dabarasy geçirildi

Bagdatda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşini bellemek dabarasy geçirildi

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşini bellemek, Eýran Yslam Respublikasynyň Bagdatda ýerleşýän ilçihanasynyň başlangyjy bilen Yragyň syýasy, jemgyýetçilik we dini şahsyýetleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Yragyň milli paýhas hereketiniň lideri Seýid Ammar Hakim, Al-Fatah parlament koalisiýasynyň başlygy Hadi al-Amiri we öňki premýer-ministr Adel Abdul-Mahdi ýaly onlarça Yrak şahsyýeti we taýpa ýolbaşçylarynyň hemde bu ýurtda ýaşaýan eýranlylaryň gatnaşmagynda Yslam rewolýusiýasynyň ýeňiş dabarasy geçirildi.

Yslam rewolýusiýasynyň ýeňişiniň 43 ýyllygyny gutlaýan Eýranyň ilçisi Iraj Masjedi, dabarada Eýranyň ähli ýurtlara dogruçyllyk we hyzmatdaşlyk elini uzadýandygyny we beýleki ýurtlardan hem şoňa garaşýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Eýran bilen Yragyň hyzmatdaşlygy sebit parahatçylygy we durnuklylygy üçindir
Eýranda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýranda Bolan Partlamalarda Ýogalanlaryň Sany 89 Adama Ýetdi
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
“Yrakdan Çekilmek Niýetimiz Ýok”
Yragyň hökümedi Tährandaky ilçisini yzyna çagyrdy
Eýranda Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 95 Adama Ýetdi