Bakuda Telekommunikasiýa ösüşi boýunça Bütindünýä maslahaty açyldy

18-nji noýabrda Bakuwda Telekommunikasiýalaryň ösüşi boýunça Bütindünýä maslahaty (WTDC-2025) öz işine başlady. Bu çäre Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji gezek geçirilýär. Bakunyň Kongress merkezinde geçirilen maslahata dolandyryjy edaralarynyň, halkara guramalarynyň, şeýle hem telekommunikasiýa we maglumat tehnologiýalary pudaklarynyň wekilleri gatnaşýar.

Maslahatyň dowamynda Halkara Telekommunikasiýa Bileleşigine (HTB) agza ýurtlar 20262029-njy ýyllar üçin global sanly ösüşiň ýol kartasyny işläp düzerler. Mundan başga-da, Bakuwda sebitleýin HTB tizleşdirme merkezi açylar. Ol innowasiýa we telekeçilik merkezine öwrüler, Azerbaýjanyň paýtagtyny sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin HTB-niň global ulgamy bilen baglanyşdyrar.

28-nji noýabra çenli dowam etjek çärä 150 ýurtdan 2000-den gowrak wekil, şol sanda 300-den gowrak ýaşlar wekili gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Ahalyň düzümine goşuldy
Akyly Tilsimat hojalyk jemgyýeti programmirlemegiň esaslary boýunça maslahat beriş okuwlary üçin talyplary işe alýar
AFK-nyň kubogy ― 2021: sebitleýin finalyň Nasaf ― Ahal duşuşygyndan soňra gyzykly hasaplamalar
ITEA Halkara akademiýasy HTML / CSS okuwyna 20 göterim arzanladyş yglan edýär
Türkmenistanyň premýer-ministriniň OHT boýunça orunbasary suw resurslary paýlaşmak we haryt dolanyşygyny ösdürmek üçin Daşkende sapar etdi
HT Aero uçýan awtoulaglaryny eýýäm 2024-nji ýylda çykaryp başlamagy meýilleşdirýär