“Balam” konditer kärhanasy “WorldFood Moscow” halkara sergisine gatnaşýar

“Balam” konditer kärhanasy “WorldFood Moscow” halkara sergisine gatnaşýar

“Balam” konditer önümlerini öndürýän türkmen kärhanasy 20-23-nji sentýabrda Moskwa şäheriniň "Crocus Expo" halkara sergi merkezinde geçirilýän “WorldFood Moscow” 31-nji güýzki Halkara azyk önümleriniň sergisine gatnaşýar.

“Balam” konditer kärhanasynyň esaslandyryjysy telekeçi Amandursun Begjanowa bolup, oňa şeýle-de “Halk Market” dükanlar toplumy we “Balhan” doňdyrylan azyk önümçiligi kärhanasy degişlidir. Bu barada “Halk Market” dükanlar toplumynyň dolandyryjysy Ogulsuraý Babaýewa “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda aýtdy.

“Balam” konditer önümlerini öndürýän kärhananyň önümçilik toplumy Aşgabat şäherinde ýerleşýär we 2016-njy ýyldan bäri hereket edip gelýär. Kärhananyň önümçilik toplumy Şweýsariýanyň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, aýda 2,5 müň tonna konditer önümlerini öndürmäge ukyplydyr.

Kärhanada konditer önümleriniň 100-den gowrak görnüşi öndürlip, olaryň hataryna gatlakly kökeler, doňdurylan gatlakly hamyr, çörek önümleri, maffin keksi, gündogar süýjülikleri we tortlar girýär. Kärhana konditer önümlerini Gazagystana eksport edýär diýip, Ogulsuraý Babaýewa aýtdy.

Bellenilişi ýaly, telekeçi Amandursun Begjanowa degişli bolan “Balhan” kärhanasy mekgejöwen, ysmanak, brokkoli, kelem, ýertudana, malina, ülje ýaly doňdurlan azyk önümlerini öndürip başlady.

Şeýle hem, “Halk Market” dükanlar toplumy, “Balam” we “Balhan” kärhanalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli 20-21-nji sentýabrda geçirlen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyp, gazanan üstünliklerini görkezdiler.

“WorldFood Moscow” sergisi Russiýanyň iň uly güýzki halkara azyk önümleriniň sergisi bolup, bu sergi Russiýanyň we daşary ýurtlaryň azyk bazarlaryndaky öňdebaryjy öndürijileriň tejribelerini paýlaşmaklary üçin esasy duşuşyk ýeri bolup hyzmat edýär. Şu ýyl sergä 24 ýurtdan we Russiýanyň 54 sebitinden azyk önümlerini öndüriji we üpjün ediji kompaniýalaryň 700-den gowragy gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistandaky City Business School halkara webinar geçirýär
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
TÝL ― 2022: 8 golly duşuşykda Merw Nebitçini uly hasap bilen ýeňdi
Taryhy nagyşlarda haly waspy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda