Balkanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň propagandasy ýaýbaňlanýar

Balkanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň propagandasy ýaýbaňlanýar

Türkmen häkimiýetleri öňki prezident, häzir Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýet kultyny dabaralandyrmak tagallalaryny öňküsinde-de güýçlendirýärler. Bu tagallaryň çäginde Balkan welaýatynyň häkimiýetleri býujet işgärleri bilen ýörite ýygnaklary geçirýärler. Ýygnaklarda Arkadag şäheriniň we adybir telekanalyň, şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň propagandasy edildi.

“Şu gün günbatar welaýatda uly göwrümli çäreler geçirildi. Çäreleriň birnäçesi kenarýaka etrapda gurnaldy. Awaza dynç alyş merkezinde hem mejbury çäreler geçirildi. Olara döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň tas ählisi gatnaşdyryldy” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz 3-nji iýulda gürrüň berdi.

Bu ýygnaklar zerarly döwlet edaralarynyň ençemesi, şol sanda banklar we ýol polisiýasy günüň birinji ýarymynda ýapyk boldy. Bu edaralar raýatlary kabul etmediler.

Ýygnaklar Balkan welaýat medeniýet we teleradio bölüminiň, Kärdeşler arkalaşygynyň, zenanlar guramasynyň we kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan geçirildi.

“Ýygnakda çykyş edenler Gurbangulynyň ikinji sapar haja gitmegini, onuň kitaplaryny, Arkadag şäherini, telekanalyny wagyz etdiler. Esasy üns telekanala gönükdirilip, her bir býujet işgäri bu telekanala günüň dowamynda 3 sagat tomaşa etmeli diýdiler” diýip, ýygnaga gatnaşan balkanly býujet işgäri aýtdy.

Häkimiýet wekilleri ýygnaga gatnaşanlara çagalary “türk, rus filmleriniň ahlaksyz mazmunly materiallaryndan goramak” üçin olara “Arkadag” telekanalyna tomaşa etmegi öwretmäge hem çagyrdylar.

“Resmiler ýygnaklarda geçen aýdaky kalýan wakalaryny hem mysal getirip, munuň bilen bagly daşary ýurt metbugat serişdelerini günäkärlediler. Olar döwletimizde Arkadagyň’ alyp barýan syýasaty berk wagyz edilse, onda ýurtda beýle wakalaryň bolmajakdygyny aýtdylar” diýip, balkanly býujet işgäri belledi.

Ýatlatsak, “Watan” habarlar gepleşiginiň 7-nji iýunda berlen reportažynda sosial torlarda suw çilimli, ýagny kalýanly suratlaryny paýlaşan adamlaryň öz-özlerini ýazgarýan tobaly çykyşlary görkezildi.

Bu ýygnaklar barada ýurduň döwlete degişli metbugat serişdelerinde häzirlikçe haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň welaýat häkimliginden telefon arkaly kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.

Günabatar welaýatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň wagzynyň ýaýbaňlanmagy, onuň lakamyny göterýän “Arkadag” şäheriniň açylmagyndan, ýurtda adybir telekanalyň ýaýlymynyň başlamagyndan, şeýle-de öňki prezidentiň Saud Arabystanyna haj zyýaratyny amala aşyrmagyndan sanlyja gün soňa gabat geldi.

Gurluşygy 5 milliard dollar boljakdygy mälim edilen we birinji tapgyry müňlerçe adamyň gatnaşmagynda 29-njy iýunda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününde açylan Arkadag şäheri Türkmenistanda agyr ykdysady krizisiň dowam edýän wagtynda guruldy.

Synçylar Arkadag şäheriniň töweregindäki işjeňlige “lideriň şahsyýet kultuny mundan beýläk-de ösdürmek synanyşyklary” hökmünde baha berýärler.

Bellesek, türkmen häkimiýetleri Gurbanguly Berdimuhamedowy wagyz etmek işlerini geçen ýylyň başynda hem güýçlendirip, ýörite ýygnaklary geçiripdiler. Lebap welaýatynda geçirilen şol ýygnaklarda häkimiýetler býujet işgärlerinden öz öýlerinde şol döwürde ýurduň prezidenti bolan G.Berdimuhamedowyň portretini asmagy talap etdiler.

Bu aralykda, balkanly býujet işgärleri ýurtda geçirilýän köpçülikleýin çärelerden, şol sanda “Arkadagyň wagzyndan bizar bolandyklaryny” aýdyp, özlerine gündelik iýjek çöreginiň gaýgydygyny belleýärler.

“Resmiler, hamana, Türkmenistanyň ähli halkyny Arkadaga guzlan ýaly gürleýärler. Hamana, Arkadag bize bu ýurdy peşgeş berdi. Halk ýuwaş, sesini çykaranok diýip, halsy ýürege düşdüler. Bize Arkadaga şäheri ýa telekanaly ýa-da onuň kitaplary gerek däl. Biderek taslamalara pul harçlamagyň deregine, biziň ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi gowulandyrsalar, has gowy bolardy” diýip, balkanly býujet işgäri aýtdy.

Dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebabyň häkimiýetleri ilaty agyz beklemäge, Arkadagdan görelde almaga’ çagyrýar
Diňle: Balkanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň propagandasy ýaýbaňlanýar
Maryda ene-atalardan gyzlarynyň mejbury ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilýär
Türkmenistan GDA-nyň Synçylar toparynyň düzüminde Daşkentdäki metbugat maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary owgan meselesine bagyşlanan duşuşyga gatnaşdy