Balkanly aýal-gyzlarda medisina barlagy geçirilýär

Balkanly aýal-gyzlarda medisina barlagy geçirilýär

Balkan welaýatynyň aýal-gyzlarynda medisina barlagy geçirilýär. 18 ýaşyny dolduran aýal-gyzlaryň ählisinde geçirilýän mejbury barlaglarda onkologiýa kesellerini anyklamak boýunça derňewler geçirilýär. Ýerli lukmanlar hökümet meýilnamasyna salgylanyp, barlaglaryň geçirilmegine Türkmenistanda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň ähli görnüşleriniň aşa köpelmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

“Iki aý ozal başlan uçdantutma barlaglar ýerli saglyk öýlerinde tapgyrlaýyn esasda alnyp barylýar. Bularda süýt mäzleriň, ýatgynyň rak kesellerini we beýleki ginekologiki raklary anyklamak boýunça barlag geçirilýär. Zenanlardan mazok, gan alynýar, mamografiýa we ýatgyda ultra ses barlaglary geçirilýär” diýip, Türkmenbaşynyň saglyk öýleriniň biriniň lukmany aýtdy.

Zenanlardan alnan gan ýörite gormonal test üçin Balkanabat şäherindäki anyklaýyş merkezine ugradylýar. Bu testiň netijeleri bir hepdede taýýar bolýar.

“Barlaglar mejbury ýagdaýda geçirilýär. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýörite meýilnama iberildi. Barlaglar aýal-gyzlaryň arasynda onkologiki keselleriň çenden aşa köp bolmagy sebäpli we olaryň öňüni almak hem-de olary bejermek maksadynda geçirilýär” diýip, balkanly lukman belledi.

Azatlyk Radiosy barlaglar barada welaýatyň saglyk bölüminden we ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 20-nji iýulda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.

Barlaglar barada ýurduň media serişdelerinde hem maglumat göze ilmeýär. Şeýle-de, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň resmi websaýtynda aýal-gyzlaryň arasynda onkologiýa keseliniň derejesi baradaky statistika halka elýeterli bolan maglumatlaryň hatarynda görünmeýär.

Ýöne Azatlyk ýurduň onkologiýa keselleri hassahanalarynyň we lukmanlarynyň talaba laýyk bejergi berip bilmeýändigi, şeýle-de bu keselden ölýänleriň köpdügi barada ençeme gezek habar berdi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) resmi websaýtynyň Türkmenistan bölüminde berilýän maglumata görä, süýt mäzleriň rak keseli, Türkmenistanda aýal-gyzlarda ýüze çykarylýan onkologiýa keselleriniň ähli görnüşleriniň arasynda birinji ýerde durýar.

2020-nji ýyla degişli maglumatlara görä, Türkmenistanda şol ýyl aýallaryň arasynda täze ýüze çykarylan 3848 hadysanyň 1025 sanysyny süýt mäzleriň rak keseli düzýär. Şol ýyl bu keselden 450 zenan ölüpdir. Ýatgynyň rak keseli bolsa, dördünji ýerde durýar. Muňa 2020-nji ýylda aýallaryň arasynda täze ýüze çykarylan hadysalaryň 461 sanysy degişli we şol ýylda bu keselden 250 zenan ölüpdir.

Bu aralykda, balkanly lukmanlaryň birnäçesi barlaglarda aýal-gyzlaryň 20 göterimi töwereginde dürli ýokanç keselleriň, şol sanda wiruslaryň bardygynyň anyklanýandygyny hem aýdýar.

“Bu keseller jynsy ýollar bilen ýokuşýan erbet keselleriň hatarynda bolup, bular köplenç köp adamlar bilen jynsy gatnaşykda bolýan zenanlarda gabat gelýär. Käbir zenanlarda WIÇ/SPID keselleri hem ýüze çykaryldy. Bu zenanlaryň medisina hasabatlary, adatça bolşy ýaly, dessine etrap milli howpsuzlyk edarasyna iberildi” diýip, balkanly lukman aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebitdäki edarasy WIÇ/SPID keseli anyklanan zenanlary Aşgabatdaky ýokanç keseller hassahanasyna ýatymlaýyn bejergi almaga ugradýar. Bu talap mejbury bolup, zenanlaryň mundan ýüz öwürmegine rugsat berilmeýär.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Milli howpsuzlyk ministrliginiň sebitdäki edarasyndan komentariýa alyp bilmedi.

“Ykdysady kynçylyklar we işsizlik zerarly aýal-gyzlaryň arasynda paýtagt Aşgabada we daşary ýurtlara gidýänleriň köpelmegi bilen, dürli ýokanç keseller we wiruslar bilen keselleýänleriň sany günsaýyn artýar.Sebäbi olar gazanç gözleginde, paýtagtda we daşary ýurtlarda ten söwdasyna baş goşup, erbet ýokanç keselleri özlerine ýokuşdyryp, agyr ýagdaýa düşýärler.

Bu ýagdaýlaryň arasynda, soňky bir ýylyň dowamynda Balkanda maýyp we wagtyndan öň dogulýan çagalaryň sany hem, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, 40% artdy” diýip, lukman belledi.

Azatlyk ýokarda agzalan barlaglaryň ýurduň beýleki sebitlerinde-de geçirilýändigini ýa geçirilmeýändigini anyklamaga çalyşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze ýylyň öňýany ýurduna dolanýan türkmen migrantlary aeroportda güýçli barlanýar
19.07.2019 | Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň pudaklaýyn geňeşiniň mejlisi geçirildi
Merkezi Aziýada HIV ýokuşan adamlaryň sany 29% artdy. Türkmenistan statistikany mälim etmeýär
Türkmen hökümedi döwlet serhetlerini ýapdy, koronawirusy ilkinji gezek resmi derejede agzap, ýurtda kesellänleriň ýokdugyny aýtdy
Geteralar territoriýasy: türkmen geýleri yzarlanmadan nähili gaçýarlar
Türkmenistan ilatyna köpçülikleýin waksina sanjymyny edip başlady