“Barselona” 2-nji ýarymda özüni görkezdi

“Barselona” 2-nji ýarymda özüni görkezdi

UEFA Çempionlar Ligasynda öz meýdançasynda “Kopengageni” kabul eden “Barselona” 4-nji minutda Dadasonyň goluna çäre tapyp bilmedi. Ýöne 2-nji ýarymda ýyldyzlarynyň Lewandowskiniň, Ýamalyň, Rafinýanyň hem-de Reşfordyň gollary esasynda 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” liga tapgyryny 5-nji ýerde tamamlap, 1/8 finala çykdy.

Diňe “Arsenaldan” asgyn gelen “Bawariýa” myhmançylykda PSW-ni Musiala hem-de Keýniň gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňip, sanawy 2-nji ýerde tamamlady. Ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýan Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary myhmançylykda “Atletikony” ýer eýeleriniň norwegiýaly hüjümçisi Sörtlotyň goly bilen öňe geçendigine garamazdan ýeňmegi başardy.

Bassyr 2-nji ýeňşini gazanan “Bude-Glimt” topary pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.Edil şonuň ýaly, grekleriň “Olimpiakos” topary-da myhmançylykda “Aýaksy” 2-1 hasabynda ýeňip, ýaryşy dowam etdirjek toparlaryň hataryna goşulmagyň hötdesinden geldi.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada soňky çärýek asyryň çempionlary (habar-seljerme)
"Mançester Ýunaýted" "Sautgemptonyň" derwezesine dokuz sany jogapsyz pökgi geçirdi
16 duşuşyk 48 gol
2 gezek öňe saýlanan “Ýunaýted” ýeňlişe sezewar boldy
“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
Çempionlar Ligasynda 4-nji duşuşyklar: “Liwerpul” “Real”, PSŽ “Bawariýa”, “Man. Siti” “Borussiýa D”