Barselona el-klassioda Realy kynçylyk bilen utdy

Barselona el-klassioda Realy kynçylyk bilen utdy

Barselona Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda Realy kynçylyk bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Barselona şäherindäki Kamp Nou stadionynda geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Duşuşygyň 9-njy minutynda kataloniýalylaryň goragçysy Ronald Arauho öz awtogoly bilen Realy hasapda öňe çykardy. Ýer eýeleri 45-nji minutda Serji Robertonyň goly bilen hasaby deňlediler. 92-nji minutda Frank Kessi tarapyndan urlan gol bolsa Barselonanyň ýeňşini kepillendirdi.

Ýeri gelende bellesek, bu oýun Real bilen Barselonanyň arasynda geçirilen şu möwsümdäki dördünji gapma-garşylyk boldy. Mundan ozal Real La Liganyň 9-njy tapgyrynda Barselonany ýeňen bolsa, katalon kluby Ispaniýanyň Superkubogynyň finalynda we Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyrynyň deslapky oýnunda Realdan üstün çykdy.

Häzirki wagtda Barselona 68 utuk bilen La Liganyň turnir tablisasynda liderlik edýär. Ikinji ýerdäki Realyň hasabynda bolsa 56 utuk bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Maradona. Messi. Mundial
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
Barselona bilen Mançester Ýunaýtediň arasyndaky deslapky oýun deň gutardy
ÝL 1/16 final: Ýunaýted we Ýuwentus indiki tapgyrda, Barselona ýaryşdan çykdy