Barselona iki ýyldan soň birinji orna dolandy

Barselona iki ýyldan soň birinji orna dolandy

La Liganyň 7-nji tapgyrynyň jemleri boýunça Barselona iki ýyldan soňra ilkinji gezek hepdäni turnir tablisasynyň birinji basgançagynda tamamlady. 7-nji tapgyrda Hawiden tälim alýan Barselona Malýorkany 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we utuklarynyň sanyny 19-a ýetirdi.

Tapgyrdaky oýnuny düýn geçiren Realyň Osasuna bilen (Gollar: Žunior 42 min - Martines 50 min) utuk paýlaşmagy netijesinde kataloniýalylar ýaryş jedweliniň birinji ornuna geçdi.Barselona 833 günden soňra ilkinji gezek tapgyry birinji ýerde tamamlady.

Iki toparyň utuklarynyň deňdigine garamazdan, gollaryň aratapawudy boýunça üstünlik kataloniýalylaryň tarapynda.Mundan başga-da, tapgyrda esasy oýunlaryň ýene biri Sewilýa — Atletiko duşuşygy bolup, oýunda Lýorenteniň 29-njy we Moratanyň 57-nji minutdaky gollary bilen 0:2 hasabynda Simýoneniň topary ýeňiş gazandy.

La Liganyň 7-nji tapgyrynyň netijelerine görä, turnir tablisasynyň birinji bäşliginde aşakdaky toparlar degişli yzygiderlilikde orun aldylar: Barselona 19 utuk, Real 19 utuk, Atletik 16, Betis 15, Atletiko 13.

Ýene degişli makalalar

“Real Madrid” hem utuk, hem-de birinjiligi ýitirdi
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Altyň biri aşaky liga düşer
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär
Çempionatyň lideri kubok ýaryşynda 3-nji liganyň wekilinden asgyn geldi
“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar