Barselona Kamp Nou stadionynyň adynyň üýtgändigini mälim etdi

Barselona Kamp Nou stadionynyň adynyň üýtgändigini mälim etdi

Barselona özüniň Kamp Nou stadionynyň adyny üýtgedýär diýip, klubyň resmi saýty habar berýär. Indi ol Spotify Kamp Nou diýip atlandyrylar.

Täze at berilmegi - "Barselona" bilen Spotify kompaniýasynyň arasyndaky geleşigiň bir bölegidir.Hemaýatkäriň arkasyndan katalonlar goşmaça maliýe serişdesini alarlar diýip, gazeta.ru ýazýar.Spotify - bu Şwesiýanyň aýdym-saz striming hyzmatydyr.

Ispan klubynyň ýolbaşçylary geleşik baglaşylandan soň, alynjak pulunyň mukdaryny agzamady.Emma öň dürli insaýderler bu hemaýatkäriň üsti bilen klubuň 300 mln ýewro gazanyp biljekdigini tassykladylar.Spotify-yň eýesi şwesiýaly işewür Daniel Ekdir.

Onuň baýlygy 3,5 mlrd ýewrodan gowrak diýip bahalandyrylýar.Barselonanyň ýolbaşçylary klubuň çynlakaý maliýe kynçylyklarynyň bardygyny ençe gezek aýdypdylar.Futbolçylaryň aýlyk haklarynyň ep-esli kemeldilmeli bolýandygy barada aýdylypdy.

Ýene degişli makalalar

Pike karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi
Maradona. Messi. Mundial
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
Barselona bilen Mançester Ýunaýtediň arasyndaky deslapky oýun deň gutardy
ÝL 1/16 final: Ýunaýted we Ýuwentus indiki tapgyrda, Barselona ýaryşdan çykdy
Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky daşary ýurt dükanlarynda internet-söwdalary üçin täze bank kartyny işe girizdi, Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşurylyp başlandy we beýleki habarlar