Pike karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi

Pike karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi

Kataloniýanyň Barselona klubynyň goragçysy Žerard Pike öz karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. Ol bu barada öz interwýusynda belledi.

Siz (Barselonanyň janköýerleri — turkmenportal) maňa ähli zady berdiňiz we indi şol çagajygyň arzuwlary amala aşdy. Size aýtjak bolýanym, bu ýoly tamamlamagyň wagty geldi. Men hemişe Barselonadan soňra başga toparyň düzüminde oýnamaryn diýýärdim. Bu dogrudanam şeýle, şenbe güni Kamp Nou-da boljak duşuşyk karýeramdaky soňkusy bolar diýip, Pike karýerasyny tamamlamak baradaky pikirlerini paýlaşdy.

Sport neşirlerinde berilýän soňky maglumatlara görä, Pike Barselona bilen şertnamasynyň wagtyndan öň bes edilmegi bilen baglylykda toparyň tölemeli öwez tölegini almakdan hem ýüz öwürýär.

Ýene degişli makalalar

“The Best FIFA” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
ÝUNESKO-nyň mejlisi Samarkantda geçiriler
ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy
Ilkinji ýarym finalçy Ispaniýa, ýer eýeleri öýlerinde galdy
EURO 2024 Çempionatynyň Çempiony Ispaniýa Boldy
Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy