“Barselona” ýeňliş,“Real” ýeňiş bilen başlady

Ispaniýanyň çempionatynda täze möwsümiň ilkinji tapgyrynda soňky 2 ýylyň çempiony “Barselona” myhmançylykda “Atletik Bilbaodan” 10 asgyn geldi. Ýeke-täk goly 38 ýaşyndaky Aris Aduris oýnuň 88-nji minutynda üstaşyr ýagdaýda geçirmegi başardy.

Madridiň “Realy” myhmançylykda “Seltany” 31 hasaby bilen ýeňlişe sezewar etdi.Duşuşykda “Realyň” adyndan Benzema (12), Kroos (61) we Lukas Waskes (80) tapawutlandy. “Atletiko Madrid” hem şäherdeşi ýaly, täze möwsüme ýeňiş bilen başlady.

Diego Simeoneniň şägirtleri “Hetafeni” Moratanyň 23-nji minutdaky goly bilen 10 hasabynda ýeňdi.Tapgyryň iň golly oýnunda (“Wilýarreal”—“Granada”) 8 pökgi hasaba alynsa-da, ýeňiş gazanan bolmady (44).1-nji tapgyryň netijeleri: AtletikBarselona: 10, SeltaReal M: 13, WalensiýaR.

Sosiedad: 11, MalýorkaEýbar: 21, WilýarrealGranada: 44, LeganesOsasuna: 01, AlawesLewante: 10, EspanýolSewilýa: 02, BetisWalýadolid: 12, AtletikoHetafe: 10.

Ýene degişli makalalar

“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
Kubok ýaryşlary
Türkmenistan: Sport bu hepde 12 futbol duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Altyň biri aşaky liga düşer
Ispaniýaly tälimçileriň täze klublary
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy