“Barselonaly” gyzlar finala golaý

UEFA Çempionlar Ligasy zenanlar ýaryşynda ýarym finalyň birinji duşuşygynda “Barselona” bilen “Wolfsburg” toparlary duşuşdy. “Kamp Nouda” oýnalan oýunda ýer eýeleri 5-1 hasabynda ýeňip, final çykmak ugrunda uly mümkinçilige eýe boldy.

Katalon gyzlara ýeňiş getiren gollary Bonmati (3), Hansen (10), Hermoso (33) hem-de Putellas (38, 85 p) geçirdi.Nemes klubunyň ýeke-täk goluny-da 70-nji minutda Roord derwezä girizdi.

Duşuşyga 91 648 janköýer tomaşa etdi. Şeýlelikde, bu duşuşyk zenan futbolynda iň köp tomaşaçyly duşuşyk hökmünde hasaba alyndy.Bu ugurda ozalky rekord hem “Barselona” toparyna degişlidi (91 553).

Ýarym finalyň beýleki duşuşygy ertir, Fransiýada iki fransuz kluby “Lion” bilen PSŽ-niň arasynda oýnalar.

Jogap oýunlary-da 30-njy aprelde geçiriler. Ýeňiş gazanan toparlar 21-nji maýda Turinde duşuşarlar.

Ýene degişli makalalar

Öňe geçenler ýeňildi
Pike karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi
Maradona. Messi. Mundial
Russiýa ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň mugt bilim almak baradaky arzalaryny kabul etmegiň möhletini uzaltdy, türkmen estrada ýyldyzlary Moskwanyň konsert meýdançalarynyň birinde çykyş etdiler we beýleki habarlar
Barselona bilen Mançester Ýunaýtediň arasyndaky deslapky oýun deň gutardy
ÝL 1/16 final: Ýunaýted we Ýuwentus indiki tapgyrda, Barselona ýaryşdan çykdy