BATYR HAJYÝEWIŇ WE ALLABERDI ÖWEZDURDYÝEWIŇ ŞAHSY SERGISI

BATYR HAJYÝEWIŇ WE ALLABERDI ÖWEZDURDYÝEWIŇ ŞAHSY SERGISI

18-nji awgustda Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň sergi merkezinde suratkeş Batyr Hajyýewiň we Allaberdi Öwezdurdyýewiň şahsy sergisi açylar.

Olaryň ikisi-de Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň agzalary bolup, köplenç oba durmuşy bilen bagly pursatlary öz surat eserlerine geçirýärler. Suratkeşleriň ikisi-de Mary welaýatynda doglandyr.

Suratkeşler sungat söýüjilerine diňe öňki surat eserleriniň toplumlaryndan däl-de, eýsem täze eserleri bilen hem çykyş ederler. Umuman, sergide iki zehinli suratkeşiň 70-den gowrak surat eseri bolar.

Şolaryň arasynda Batyr Hajyýewiň Merwiň etekleri, Tesbiçi, Ojak, Düşelge atly täze suratlary myhmanlaryň ünsüni özüne çeker. Şeýle-de, Allaberdi Öwezdurdyýewiň Obamdaky meňzeşlik, Pişme toý we Ejem basym geler atly eserleri hödürlener.

Ýeri gelende bellesek, Batyr Hajyýewiň surat eserlerinde kendir ýagly reňkler agdyklyk edýär.

Allaberdi Öwezdurdyýewiň eserlerinde oba durmuşynyň pursatlaryny duýmak bolýar. Olar açyk reňklerde eserlere geçirilendir. Bu eserlerde suratkeşiň reňkleri ussatlyk bilen ulanyp bilýändigini duýmak bolýar.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynyň ussat suratkeşleriniň sergisi
Batyr Hajyýewiň we Allaberdi Öwezdurdyýewiň şahsy sergisi
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň arasyndaky bäseşigiň 2021-nji ýyldaky ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany