“Bawariýa” “Dartmştadty” dargatdy

Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” soňky çempion “Bawariýa” öz meýdançasynda “Darmştadt” toparyny kabul etdi. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda eýýäm 4-nji minutda “Bawariýadan” Ýozua Kimmih gyzyl kart aldy. Ýöne 1-nji ýarym tamamlanmanka myhman topardan hem 2 oýunça gyzyl kart görkezildi. 21-nji minutda Gýasula, 41-nji minutda-da Maglika oýundan çykaryldy. “Bundesliganyň” taryhynda ilkinji gezek 1 oýunda 3 futbolçy 1-nji ýarymda gyzyl kart aldy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. Ýöne 2-nji ýarymda welin, 38 minudyň dowamynda 8 gol geçirildi. Gollaryň baryny-da “Bawariýa” topary geçirip, münhenlileriň adyndan Keýn 3 (51, 69, 88), Sane 2 (56, 64), Musiala 2 (60, 76) hem-de Müller tapawutlandy. Keýn 2-nji goluny 70 metr uzak aralykdan derweze girizendigi bellärliklidir.

Ýene degişli makalalar

“Barselonadan” utulanynyň ahmyryny “Bohumdan” çykardy
Ýamal iň ökde ýaş futbolçy, Keýn bilen Mbappe baýragy paýlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti sapar bilen Wengriýa barar, Türkmenistanda Sanly çözgüt 2023 innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler, Tokioda türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaby tanyşdyryldy we beýleki habarlar
Keýn Bawariýanyň düzüminde Bundesligadaky ilkinji goluny urdy
Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
Ýene bir ýeňiş Baýeri Bundesliganyň çempionyna öwrer