“Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi, Suares 23 oýundan bäri gol geçirenok

“Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi, Suares 23 oýundan bäri gol geçirenok

UEFA Çempionlar ligasynda toparçalardaky duşuşyklar yzly-yzyna 3-nji hepdede oýnalyp, tapgyryň 1-nji günündäki duşuşyklarda 35 gol hasaba alyndy. “A” toparçada “Bawariýa” myhmançylykda “Red Bull Salsburgdan” 62 hasabynda üstün çykdy.

Nemes klubunyň gollarynyň 2-sini Robert Lewandowski (21 p, 88) geçirdi.Kimmihiň 2 asist eden oýnunda “Bawariýanyň” beýleki gollaryny Krsitensen (44 ö.d.), Boateng (79), Sane (83) hem-de Hernandes (90+2) geçirdi. Ýer eýeleriniň gollaryny Berişa bilen Okugawa derwezä girizdi.

Soňky 11 minutda geçiren 4 goly esasynda üstün çykan “Bawariýa” Çempionlar ligasynda bassyr 14 oýundan bäri ýeňiş gazanyp gelýär we bu ugurda öz rekordyny ösdürdi.Toparçadaky beýleki oýunda-da “Lokomotiw” bilen “Atletiko Madrid” 11 deňme-deň oýnady.

Ispan topary ilkinji bolup hasaby açyp, gol 18-nji minutda Himenes derwezä girizdi.Rus klubunyň hasaby deňlän goluny-da Anton Mirançuk penaltiden (25) öz adyna ýazdyrdy. “Atletiko Madridiň” täze transfer Luis Suares Çempionlar ligasynyň çäginde myhmançylykdaky ýene bir oýunda tapawutlanyp bilmedi. Şunlukda, onuň bu görkezijisi 23 oýna çykdy.

Ýene degişli makalalar

Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Katar 2022 Dünýä Kubogynda çykyş edýän doganlar
Transfer täzelikleri
Urugwaýyň Katar 2022-de çykyş etjek oýunçylary mälim boldy
3 yklym çempionat