Baýden Szinpine palaw hödür etdi

Baýden Szinpine palaw hödür etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ýurda sapar bilen gelen Hytaýyň Başlygy Si Szinpine günortanlyk nahar wagtynda palaw hem-de badamly süýji nan hödür etdi diýip, Hytaýyň döwlet telewideniýesine salgylanýan Report.az habar berdi.

Szinpine şeýle-de gowrulan jüýje we italýan böregi hödür edildi. Içmek üçin saçaga üzüm şerbeti äberildi.

Düýn San-Fransiskonyň 40 kilometrlik günortasyndaky Filoli mülk ýerinde Si Szinpin bilen Jo Baýdeniň duşuşygy boldy. Olar häzirki zaman halkara gün tertibiniň meselelerini hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Szinpin alty ýylda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy
Hytaýyň Döwlet baştutany ABŞ-da saparda bolýar
Si Szinpin ABŞ-da Jozef Baýden bilen gepleşik geçirer
Baýden we Szinpin noýabrda duşuşyp biler
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpine Hytaýda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar