Si Szinpin ABŞ-da Jozef Baýden bilen gepleşik geçirer

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň çakylygy boýunça 14-nji noýabrdan 17-nji noýabr aralygynda ABŞ-a sapar eder. Bu barada Hytaýyň daşary işler ministrliginiň resmi wekili Hua Çunin daşary syýasat edarasynyň web sahypasynda habar berdi.

Saparyň dowamynda Hytaýyň lideriniň Aziýa-Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlygy sammitine gatnaşjakdygy we Jozef Baýden bilen San-Fransiskoda gepleşik geçirjekdigi bellenilýär.

Mundan öň Ak Tam Hytaýyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýolbaşçylarynyň 15-nji noýabrda San-Fransiskoda duşuşyk geçirjekdigini habar berdi. CNN-iň belleýşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda harby ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaýlar ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Baýden Szinpine palaw hödür etdi
Szinpin alty ýylda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy
Hytaýyň Döwlet baştutany ABŞ-da saparda bolýar
Baýden we Szinpin noýabrda duşuşyp biler
Baýden Putine sögdi
Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady