Hytaýyň Döwlet baştutany ABŞ-da saparda bolýar

Hytaýyň Döwlet baştutany ABŞ-da saparda bolýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baştutany we Hytaý Komunist partiýasynyň lideri Si Szinpin, Aziýa-Ýuwaş umman Ykdysady hyzmatdaşlygynyň Sebitleýin forumyň başlyklyk sammitine gatnaşmak maskady bilen ABŞ-nyň San-Fransisko şäherine bardy.

Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin sammitiň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen şu gün geçirmegi meýilleşdirilen duşuşyk, metbugat tarapyndan ýakyndan gözegçilik edilýär.

ABŞ-nyň we Hytaýyň Döwlet baştutanlarynyň iki uly güýjüň arasyndaky dartgynlygyň artan bir zamanasynda geçirjek maslahaty, iki lideriň soňky 1 ýylda geçirjek ilkinji duşuşygy bolar.

Dünýä ykdysadyýetiniň 60 göterimini öz düzüminde jemleýän 21 ýurdy öz içine alýan forumdan ozal taraplardan oňyn ýüzlenmeler gelýär.

Jo Baýden düýn beren beýanatynda, ABŞ-nyň Hytaýdan uzaklaşmaga synanyşmaýandygyny, tersine has gowy gatnaşyklar isleýändigini habar berdi.

Jo Baýden metbugata beren beýanatynda, Hytaýyň lideri bilen geçirjek duşuşygynyň maksady bieln bagly soraga: "Kadaly aragatnaşyk tapgyryna gaýdyp gelmek, krizis ýagdaýynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip bilmek we goşunlarymyzyň biri-birleri bilen aragatnaşyk içinde bolmaklary" diýip jogap berdi.

Ýokary derejeli resmilerden gelip gowuşan, emma entek çürt-kesik bolmaýan maglumatlara görä iki lider, San-Fransiskonyň Woodside şäherçesindäki taryhy oba öýi muzeýi bolan Filoli Estatede duşuşyk geçirerler.

Ýene degişli makalalar

Baýden Szinpine palaw hödür etdi
Szinpin alty ýylda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bardy
Si Szinpin ABŞ-da Jozef Baýden bilen gepleşik geçirer
Baýden we Szinpin noýabrda duşuşyp biler
Baýden Putine sögdi
Nýu-Ýork dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezi hökmünde liderligini saklady