Baýram namazynyň öň ýany, metjitlerde howpsuzlyk görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilýär

Baýram namazynyň öň ýany, metjitlerde howpsuzlyk görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilýär

Şu günler Balkan welaýatynyň metjitlerinde howpsuzlyk çäreleri görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilýär. Baýram namazynda howpsuzlyk işgärleriniň metjitlerde ýörite nobatçylyk etmegi guramalaşdyrylýar. Dindarlaryň metjitlere ýörite giriş kartlary bilen girmeklerini üpjün etmeklik, şeýle-de ybadathanalaryň girelgelerinde adamlaryň metal detektorlar bilen barlagdan geçirilmegini ýola goýmaklyk meýilleşdirilýär.

Geçen hepdäniň anna güni, 5-nji aprelde okalan juma namazlarynda metjitleriň ymamlary adamlaryň metjitlere ýörite giriş kartlary bilen girmeklerini üpjün etmegiň zerurdygyny yglan edipdirler.

“Baýram namazyna barýan adamlar ýaşaýan ýeriňden kepilnama, üç arka maglumatnamasy ýaly resminamalary metjitlere tabşyrmaly. Soňra metjitler adamlara giriş kartlaryny çykaryp berýärler. Şol kartlar girelgelerde barlanýar” diýip, bir dindar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Şeýle-de, 10-njy aprelde okaljak baýram namazynda howpsuzlyk işgärleriniň metjitlerde ýörite nobatçylyk etmegi guramalaşdyrylýar.

“Jemagat ýörite metal detektorlar bilen barlagdan geçirilip, şondan soňra metjitlere goýberiler. Galyberse-de, girelgelerde adamlaryň rugsatanamalary, giriş kartlary barlanar” diýip, ýerli çeşmeler Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

Bulardan başga-da, ýerli çeşmeler Türkmenbaşy şäherindäki metjitlere ýörite wideo kameralaryň oturdylýandygyny, şeýle kameralaryň mundan ozal esasan Awaza syýahatçylyk zolagyndaky desgalara ornaşdyrylandygyny habar berýärler.

Jemagatyň ýörite giriş kartlary bilen metjitlere girmeklerini üpjün etmeklik, adamlary metal detektorlardan geçirmeklik, metjitlere wideo kameralary ornaşdyrmak, girelgelerde howpsuzlyk işgärleriniň ýörite nobatçylygynyň ýola goýulmagy bilen bir hatarda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary, şu günler Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de içeri işler edaralarynyň işgärleriniň namaz okaýan adamlara, din wekillerine gözegçiligi güýçlendirendiklerini, olary içgin yzarlaýandyklaryny habar berýärler.

Musulman din wekilleri güýçlendirilýän howpsuzlyk çärelerini dindarlaryň gysylmagy, ýurtda din-wyždan azatlygynyň nobatdaky gezek çäklendirilmegi hökmünde häsiýetlendirýärler.

“Bu çäreler Oraza aýynyň tamamlanmagynyň yz ýany, häkimiýetleriň dine uýýan adamlaryň metjitlerde bilelikde baýram namazyny okamaklaryna päsgelçilik döredip, dindarlary gysmak ugrundaky tagallalaryna nobatdaky mysal bolup durýar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne din wekilleriniň sözlerine görä, metjitlerdäki howpsuzlyk çäreleri eýýäm birnäçe wagt bäri güýçlendirilýär, metjitleriň öňünde harby uniformalardaky adamlar we raýat eşikli ofiserler peýda bolup başlapdyr.

Azatlyk Radiosy Balkan welaýatynyň metjitlerinde güýçlendirilýän howpsuzlyk çäreleri barada ýerli resmilerden teswir alyp bilmedi.

Türkmen häkimiýetleriniň din wekillerine gözegçiligi güýçlendirmegi we ybadathanalarda goşmaça howpsuzlyk çärelerini berjaý etmegi 22-nji martda Moskwanyň “Krokus siti” konsert zalynda bolup geçen betbagtçylykly terror hüjüminiň yz ýanyna gabat gelýär. Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne aldy.

Ýerli çeşmeler, käbir aňtaw maglumatlaryna salgylanyp, Balkan welaýatynyň metjitlerinde güýçlendirilýän howpsuzlyk çäreleriniň terror wehimleri bilen baglanyşdyrylýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary günbatar sebitde howpsuzlygyň uçdantutma güýçlendirilýändigini, harbylaryň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça hüşgärligi ýokarlandyrandygyny geçen hepdede habar berdiler.

Harbylar adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykan halatynda sebit ýaşaýjylarynyň howpsuz ewakuasiýa edilmegi, radiasiýa howpy ýüze çykan halatynda raýatlara gaz maskalarynyň (protiwogazlaryň) öz wagtynda paýlanyp berilmegi ýaly gyssagly çärelere taýýarlyk görüp başladylar. Şeýle-de, Azatlygyň harby pudaklardaky çeşmeleri Türkmenbaşy şäherindäki iri desgalara howa hüjümlerini duýduryş enjamlarynyň ornaşdyrylýandygyny gürrüň berdiler.

Habarçylarymyz günbatar sebitde harby we howpsuzlyk işgärleriniň adatdan daşary işjeňliginiň ilat arasynda howsala döredýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Russiýadaky hüjümde 100 adamy halas eden musulman ýaş oglan sylaglandyryldy
Orta asyrda türk döwletlerinde diliň we edebiýatyň ulanylşy
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Erdogan Stambulda Metbugat Işgärlerine Beýannama Berdi
Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy