Baýramçylygyň öňýany döwlet dükanlarynda un, ýag, şeker, ýumurtga 'bolçulygy' döredildi

Baýramçylygyň öňýany döwlet dükanlarynda un, ýag, şeker, ýumurtga 'bolçulygy' döredildi

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ilatynyň gyt azyk harytlaryny döwlet bahasyndan satyn almak mümkinçiligi belli bir derejede artdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, şeýle mümkinçilige, hususan-da, Türkmenabat şäheriniň we Lebap welaýatynyň käbir etraplarynyň ýaşaýjylary 26-njy dekabrda eýe bolupdyr.

"Täze ýylyň golaýlamagy bilen Türkmenabat şäherinde we käbir etraplarda arassalanmadyk pagta ýagy her hojalyga 5 litri 20 manatdan we her hojalyga 5 kilogramdan un paýlanyp başlandy" diýip, habarçymyz 26-njy dekabrda habar berdi.

Türkmenistanda käbir azyk önümlerini kesgitli bahadan satýan döwlet dükanlarynda her bir adam başynda bir aýda satylmaly unuň möçberi 5 kilogram bilen çäklenilýär. Pagta ýagy, şeker, ýumurtga we çörek ýaly önümleriň adam başyna satylýan möçberi üýtgäp durýar.

Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, alyjylar nobata durup, uzak wagtlap garaşan azyk harytlaryny satyn almak üçin onuň gapdalyndan goşmaça başga bir harydy satyn almaga mejbur edilipdir.

"Döwlet bahasyndan satylan un, ýag bilen bilelikde her gaby 250 gramdan bahasy 3 manatlyk mesge ýagynyň dört gabyny hem mejbury satýarlar. Türkmen telekeçileri tarapyndan öndürlen bu mesge ýagynyň hyrydary ýok" diýip, habarçymyz belleýär.

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň ilat üçin göz öňünde tutulan aýlyk möçberindäki söwdasy uly nobatlaryň döremeginde amala aşyryldy. Käbir regionlaryň ilaty harytlaryň gelmegine birnäçe hepdeläp, käte birnäçe aýlap garaşmaly boldy. Hususan-da, Mary welaýatynyň etraplarynyň birinde 29-njy oktýabrda pagta ýagy soňky ýarym ýylda birinji gezek getirildi.

Şu günki gün Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, bu ýerde pagta ýagynyň söwdasyna polisiýa gözegçilik edýär.

"26-njy dekabrda döwlet bahasyndan satylan ýag söwdasyna ençeme polisiýa işgäri nobatlara gözegçilik etse-de uly ýakalaşma, dawalary saklap bilmedi" diýip, habarçymyz aýdýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mary welaýatynda ilat belli bir möçberde şekeri, ýumurtgany we günebakar ýagyny satyn almak mümkinçiligine eýe boldy.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň 26-njy dekabrda habar bermegine görä, şäheriň dükanlarynda gyt azyk önümleriniň söwdasy ir sagat 5:00 başlanypdyr, emma adamlar nobatlara gije sagat ikide düzülipdir.

"Şu gün adamlar nobatda gije sagat ikiden bäri durdular. Döwlet dükanlary öz gapylaryny sagat 5:00 açdylar. Şekeriň 1 kilogrammy 8 manat, 'Oleýna' ýagy 13 manatdan 1 litri. Adamlar gije gyşyň sowuk howasy diýmän birnäçe sagatlap öz nobatlaryny ýitirmejek bolup, dükan açylýança öýlerine gaýtman garaşyp durdular" diýip, Marydaky habarçymyz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, agzalan azyk önümleri Marynyň №1, 44, 38 döwlet dükanlarynda we Gök bazaryň ýerzeminlerindäki dükanlarda satylypdyr we iki sagada golaý wagtyň dowamynda gutarypdyr.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, paýtagtda azyk üpjünçiligi welaýatlardan ganymat.

"Günebakar ýagyny indi diňe bir ertirlerine we bank kartasy bilen töläp almaýarlar, ol gündiz hem satylýar, indi bar zady birden satyn alyp gutarmaýarlar. Ýumurtgany indi nagt pula hem satýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar.

Hususy dükanlarda we bazarlarda şol bir azyk önümleri birnäçe esse gymmat satylýar. Türkmenistandaky agyr ykdysady kynçylyklar, agyr işsizlik we ilatyň aglaba böleginiň maddy ýagdaýynyň gowşaklygy zerarly döwlet dükanlarynda azyk önümleriniň kesgitli bahadan satylmagy türkmenistanlylaryň ençemesiniň gün görmegi üçin ýeke-täk mümkinçilik bolup durýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Baýramalyda azyk harytlary gymmatlaýar
Russiýada Oleýna ösümlik ýagyny öndürijiniň täze eýesi belli boldy
Türkmenistandaky azyk önümleriniň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanyň bazarlarynda “görkezme-esbap” towuk etleri peýda bolup başlady
Türkmenistanda azyk gytçylygy dowam edýär, nobatlarda aýallar özaralarynda uruşýar