Russiýada Oleýna ösümlik ýagyny öndürijiniň täze eýesi belli boldy

Russiýada Oleýna ösümlik ýagyny öndürijiniň täze eýesi belli boldy

Amerikanyň Bunge agrotreýderiniň Russiýada Oleýna günebakar ýagyny öndürýän öňki golçur kompaniýasynyň täze eýesi belli boldy, ol telekeçi Karen Wanesýan diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Bunge SNG kompaniýasyna günebakar ýagynyň Oleýna, Ideal, Maslenisa diýen brendleri degişlidir. Kompaniýanyň Russiýada iri zawodlarynyň biri işleýär.

7-nji fewralda Bunge özüniň Russiýadaky Oleýna günebakar ýagynyň önümçiligini satmakçydygyny yglan etdi.

Bunge 1818-nji ýylda Amsterdamda esaslandyryldy. Ol häzirki wagtda oba hojalyk we azyk önümleri bazarynda işleýän halkara kompaniýasydyr. Onuň düýp merkezi ABŞ-nyň Missuri ştatynda ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky azyk önümleriniň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalaryna syn
Türkmenistanda azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalaryna syn
Türkmenistanda walýuta konwertasiýasyna rugsat berlenden soň azyk nyrhlary arzanlaýar
Türkmenistanyň bazarlarynda “görkezme-esbap” towuk etleri peýda bolup başlady
Türkmenistanda azyk gytçylygy dowam edýär, nobatlarda aýallar özaralarynda uruşýar