BEDEW — ŞAN-ŞÖHRATYŇ, GARAŞSYZ WATAN!

Döwür uçdy, döwran uçdy, biz uçduk, Ykballaň ýagtylan ýalkymna duşduk.Bitaraplyk bilen dünýäni guçduk, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan!Gez şygary ýyllaryňa çaglaýyp, Ak ýollarda ýüzseň ganat baglaýyp.

Men otursam guwanjymdan aglaýyp, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan!Watanyň gül görki hem durky başga, Diýýärin özüme: Sözi taraşla!Dogmundan don geýen Zürýatlar başda, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan!

Mertler bilen döredýänsiň,gurýansyň, Eneleriň dileginde birýansyň.At deý ýyndamlykda öňe barýansyň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan!Guwanmakda, buýsanmakda ganatdyr, Erteki hem şu zeýilli halatdyr.Döwletli döwranyň goýny rahatdyr, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan!

Günleriňde, ýyllaryňda täzelik, Durşuny binalaň ünüse gelip.Ykbalmyz ýalkandyr Danasyn berip, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan!Baryny bar eýläp bilýän beýikdir, Gül Diýarym toý donuny geýipdir.Eşret eýýam ykballara gelipdir, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan!

Seni beren Gudrata tagzymym, Arkadagyň pendi ömre taglymym.Arkadagly Serdar — düri tarypyň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Ýylymyza ýalkym saçar şygaryň, Bady bilen dal bedewleň — Byragyň.Türkmenistan, ömür bize öz baryň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan!

Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZLYK BAGTY
TÜRKMENIŇ MIRASY DÜNÝÄNIŇ MERJENI
Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym
Türkmen türgenleri uşu boýunça Aziýanyň çempionatynda üç medal gazandylar
Söhbediň aýdymy bilen adygan
Halkara Ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi