Belavia awiakompaniýasy Türkmenistana uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Belavia awiakompaniýasy Türkmenistana uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar

Belarus awiakompaniýasy Belavia Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugurlary boýunça uçuşlarynyň ýygylygyny birden ik-ä çenli artdyrar. Bu barada howa gatnawçysynyň resmi Telegram kanalynda habar berildi.

Indi Belavia-nyň uçarlary Türkmenistana uçuşlary duşenbe we sişenbe günleri amala aşyrar.

Täze uçuşlar 12-nji awgustdan 2-nji sentýabr aralygynda aşakdaky tertip boýunça gatnar:

Uçarlar Minskden 19:40-da uçup, Türkmenbaşy şäherine 01:50-de gonar.

Uçarlar Türkmenbaşydan 02:50-de uçup, Minskä 05:10-da barar.

Täze ugurlar boýunça petekler eýýäm satuwa çykaryldy. Doly maglumatlary Belavia-nyň resmi web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar
Berdimuhamedowlaryň uçar flotuna täze kaşaň ulag goşuldy - zurnalistika derňewi
Güýçli çabga Minskiniň köçelerini we metrony basdy
Aşgabat GDA-nyň çäginde täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan ediler
Belarusda Döwlet baýdagynyň gününi baýram etdiler
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aşgabada dolanyp geldi