Belavia Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrar

Belavia Türkmenistana uçuşlaryň sanyny artdyrar

Awiakompaniýanyň metbugat gullugynyň habaryna görä, Belavia Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryň sanyny awgust aýyndan hepdede birden iki esse artdyrar.

Habarda 19-njy awgustdan 17-nji sentýabr aralygynda Türkmenistana şenbe günleri hem uçuşlar amala aşyrylar diýilýär.

Netijede, Minskden Türkmenbaşy şäherine uçuşlar çarşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylar.

Meýilnamada ýerli wagt görkezilýär. Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky wagt tapawudy 2 sagatdyr.

Uçuşlar Braziliýanyň Embraer E195 uçarynda amala aşyrylýar. Uçar 125 adama niýetlenendir (biznes synpynda 9 oturgyç we ekenom synpynda 116 oturgyç). Uçuş dört sagatdan gowrak dowam edýär.

Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin oflaýn petekleri Aşgabatdaky Belavia-nyň aşakdaky salgysyndaky ofisinden alyp bolar: 2028 köç (A. Gowşudowa), 50/2 bina, 2-nji gat (Teke bazary, Ak Deňiz binasy, 2-nji gat)

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312926409. Belavia-nyň uçuşlary üçin petekleri onlaýn görnüşinde www.belavia.by saýtyndan alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
Armenian Airlines Ýerewan bilen Stambulyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýdy
Türkmenistan awiakompaniýasy Moskwa we Kazan boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Stambul — Aşgabat ugurlary boýunça gatnawlaryň uçuş tertibini hödürledi
Moskwa edilen pilotsyz uçar hüjümleriniň arasynda Türkmenistan rus paýtagtyna uçuşlaryny togtadýar
Türkmenistan awiakompaniýasy Kazan — Aşgabat ugrundaky uçuşlaryň täzelenen tertibini hödürledi