Belavia Türkmenistana uçuşlaryny artdyrar

Belavia Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryň sanyny awgust aýyndan hepdede birden ikä çenli artdyrar. Bu barada awiakompaniýanyň web sahypasynda habar berilýär.

Çeşmäniň habaryna görä, 19-njy awgustdan 17-nji sentýabr aralygynda Türkmenistana uçuşlar hem şenbe güni amala aşyrylýar. Netijede, Minskden Türkmenbaşy şäherine uçuşlar çarşenbe we şenbe günleri amala aşyrylar.

Şenbe güni sagat 20:00-da Minskden uçan howa gämisi, Türkmenbaşa ýekşenbe güni 02:10-da. Uçar şol gün yzyna sagat 03:10-da ugraýar we 05:30-da Minskä barýar.

Iş tertibi ýerli wagtda görkezilen: Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky wagt tapawudy 2 sagat.

Uçuşlar Braziliýanyň “Embraer E195” uçarynda amala aşyrylýar. Uçar 125 orunlyk bolup, (biznes-klasda 9 orun, ekenom-klasda 116 orun). Uçuş dört sagatdan gowrak dowam edýär.

Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin oflaýn biletleri Aşgabatdaky “Belaviýa”-nyň wekilhanasyndan alyp bolýar. Salgysy: 2028 köçesi (A. Gowşudow), 50/2 öý, 2-nji gat (“Teke bazary”, “Ak Deniz” binasy, 2-nji gat)

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 926409. “Belaviýa” uçuşlaryna onlaýn awibiletleri www.belavia.by saýtyndan alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistanda gyssanmaç gonmaly boldy
“Türkmen Howaýollary” Moskwa uçuçlaryny mart aýyna çenli dikeltmez
Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
Turkish Airlines 2023-nji ýyly ýokary görkezijilere besledi
Turkish Airlines Stambuldan uçuş ugurlaryny giňeldýär
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar