Belli tilsimat 1С önümleri boýunça geçirilýän seminara çagyrýar

Belli tilsimat 1С önümleri boýunça geçirilýän seminara çagyrýar

Işewürlik üçin programma üpjünçiliginiň çözgütleri boýunça ýöriteleşen Belli tilsimat kompaniýasy 1C önümlerine bagyşlanan seminaryň geçirilýändigini yglan etdi.

Bu ýerde size nämeler garaşýar:

- programmalaryň işleýşine syn. 1C programmalarynyň mümkinçilikleriniň anyk derňewi: Buhgalteriýa we 1C: UNF.

- amaly görkezme tanyşdyryşlary. 1-Z, 5-Z, 6-Z, 1-paý, 1-BO, 1-B hasabatlaryny taýýarlamagyň, balans formalaryny hem-de girdeji salgyt deklarasiýalaryny doldurmagyň nähili aňsatdygyna göz ýetirersiňiz.

- soraglara jogap. Belli tilsimat kompaniýasynyň hünärmenleri siziň ähli soraglaryňyza jogap bererler we işewürligiňiz üçin iň amatly çözgüdi saýlap almaga ýardam eder.

- baýrakly bäsleşik. Seminara gatnaşyjylaryň ählisine 1C: Prof. görnüşli buhgalterçilik üçin ygtyýarnama almaga mümkinçilik bolar.

Bu çäre 16-njy awgustda sagat 15:00-dan 17:00-a çenli Joşgun söwda merkeziniň 4-nji gatynda ýerleşýän Ynamly Kepil koworking merkezinde geçiriler.

Belli tilsimat ýerleriň sanynyň çäklidigini bellemek bilen, seminara gatnaşmak üçin deslapdan salgylanma arkaly hasaba alynmagy maslahat berýär. Goşmaça maglumatlary (+993 12) 21-60-93 telefon belgisine jaň edip alyp bilersiňiz.

Bu seminar telekeçiler we buhgalterler üçin iş amallaryny işjeňleşdirmek üçin iň soňky 1C çözgütleri bilen tanyşmakda ajaýyp şert döredýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler
Türkmen wekiliýeti Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça seminara gatnaşdy
Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar
Döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak atly okuw seminary
Aşgabatda C5+O.N.E. maksatnamasynyň üçünji tapgyrynyň gutardyş dabarasy geçirildi
13-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti