Türkmen wekiliýeti Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça seminara gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça seminara gatnaşdy

27-28-nji fewralda Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň hünärmenleri Tbilisi şäherinde geçirilen Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara göni wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar. Seminara Transhazar ulag geçelgesiniň assosiasiýasynyň, sanly ulgamynyň, TRAСEKA-nyň, döwlet edaralaryň wekilleri we degişli pudaklaryň bilermenleri gatnaşdylar. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, seminarda gatnaşyjy ýurtlar boýunça sanly ulgam başlangyçlarynyň özara arabaglanyşygyny emele getirmek babatda täze pikirler öňe sürüldi. Esasan hem, seminaryň maksady dolandyryş we jogapkärçilik, ygtybarly maglumat alyş-çalyşygy we sanly geçelgäniň transformasiýasy üçin möhüm bolup durýan kadalaşdyryjy hukuk binýady emele getirmek ýaly möhüm strategiki ugurlar boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Seminaryň dowamynda sanly transformasiýanyň çylşyrymlylyklary we kynçylyklary, şeýle hem, sanly geljege tarap ägirt uly mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, her ýurtda sanly ulgam boýunça merkez döretmek we synag taslamalaryň mümkinçilikleri barada agzalyp geçildi.

Seminaryň ahyrynda, Transhazar ulag geçelgesiniň sanlylaşdyrylmagy babatda gatnaşyjylaryň teklipleri özara paýlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

ÝB bilen Türkmenistan Hazarüsti ulag geçelgesini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler
Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar
Döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak atly okuw seminary
Belli tilsimat 1С önümleri boýunça geçirilýän seminara çagyrýar
Aşgabatda C5+O.N.E. maksatnamasynyň üçünji tapgyrynyň gutardyş dabarasy geçirildi