Döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak atly okuw seminary

9-njy iýulda Aşgabatda Döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak atly iki günlük okuw seminary öz işine başlady. ÝHHG-niň (OSCE) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan bu ýygnak oňa uzakdan gatnaşmaga mümkinçilik berýän gibrid formatynda geçirilýär.

Bu seminara döwlet we hususy habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň metbugat gulluklarynyň işgärleri, žurnalistleri taýýarlamak bilen meşgullanýan ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary hem talyplary gatnaşýar.

Seminarda bilermen hökmünde litwaly Žiwile Nawiskaýte-Babkin we Dainius Radzýawiçus çykyş edýär. Olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we aragatnaşyk boýunça toplan tejribesi gatnaşyjylara täsirli metbugat hyzmatlaryny döretmek we dolandyrmak boýunça bilimlerini hem başarnyklaryny çuňlaşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Seminaryň maksady döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň metbugat hyzmatlarynyň hünär başarnyklaryny ýokarlandyrmakda, şeýle hem Türkmenistanda metbugat ulgamynyň ösüşine goldaw bermekden ybaratdyr. Gatnaşýanlar diňe bir nazary bilim alman, eýsem, interaktiw sapaklarda we toparlaýyn maşklarda alan bilimlerini synap bilerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen eminleri halkara seminarda kabaddi boýunça taýýarlyk geçdiler
Türkmen wekiliýeti Hazarüsti ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça seminara gatnaşdy
Türkmen kompaniýalary çagalar üçin harytlaryň sergisine we işewürlik seminaryna çagyrylýar
Belli tilsimat 1С önümleri boýunça geçirilýän seminara çagyrýar
Aşgabatda C5+O.N.E. maksatnamasynyň üçünji tapgyrynyň gutardyş dabarasy geçirildi
13-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti