Berdimuhamedow aýdymçy A.Saparowa özüniň gitarasyny sowgat etdi

Berdimuhamedow aýdymçy A.Saparowa özüniň gitarasyny sowgat etdi

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda güýzlük bag ekişligine badalga berdi we sungat ussatlarynyň taýýarlan konsertine tomaşa etdi. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowy doglan güni bilen gutlap, öz gitara saz guralyny sowgat berdi.

Türkmen telewideniýasynyň habar bermegine görä, ählihalk bag ekmek dabarasy mynasybetli guralan konsertde Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparowyň sungat ýoly, döreden aýdymlary hakynda gürrüň edip, ýaşlyk ýyllarynda hem onuň aýdymlaryny höwes bilen diňländigini aýtdy.

Onuň ussat şahyrlar Atamyrat Atabaýewiň sözlerine döredilen Çyn söýgi, Akjemal Omarowynyň sözlerine döredilen Bilmen atly aýdymlarynyň häzirki wagtda hem söýlüp diňlenýändigini, konsertiň dowamynda olaryň ýerine ýetirilmeginiň özboluşly lezzet paýlajakdygyny belledi. Şeýle-de türkmen Lideri özüniň Italiýa Respublikasynda saparda bolan mahaly iki sany gitara saz guralyny alyp gelendigini, olaryň birini agtygy Kerimgula berip, beýlekisinde özüniň kämahal saz çalýandygyny aýtdy.

Aýdymçy Akmuhammet Saparowyň golaýda 61 ýaş toýuny belländigini aýdyp, şol gitarany oňa sowgat bermek kararyna gelendigini belledi.

Konsertiň dowamynda türkmen Lideri şol gitarada Çyn söýgi we Bilmen aýdymlarynyň sazyny çalyp, A.Saparow bilen bilelikde ol aýdymlary ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Gündogar - inçe syrlarynyň dünýäsi atly dabaraly konserti
TOHI-de Inžener we kompýuter grafikasy boýunça VI internet ders bäsleşigi geçirildi
Covid-19 ýokanjy sebäpli, tomusky dynç alyşda Türkmenistana dolanyp bilmeýän studentler synag möwsümi gutarandan soňra işlemegini dowam etdirmäge mejbur bolýarlar
Demirgazyk Owganystanyň hökümet resmileri hem ýerli ilaty "Talyban" hüjüminden nirä gaçyp biler?