Berdimuhamedow dikuçardan otelleriň gurluşygyna gözegçilik etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji sentýabrda Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň haýyşy boýunça dikuçarda paýtagdaky gurluşyklaryň ýokarsyndan aýlandy.

TDH-nyň habar bermegine görä, uçuş başlanmazyndan öň prezidente gurulmagy planlaşdyrylan desgalaryň taslamalaryny görkezdiler.

Berdimuhamedow köne aeroportuň golaýyndaky “Garagum” myhmanhanasynyň gurluşygynyň barşyna gözegçilik etdi.

Bu desgany gurmak awgust aýynda Türkiýäniň Rönesans kompaniýasyna ynanyldy.

Plana laýyklykda, bu desga 2021-nji ýylyň fewralynda ulanmaga bermek üçin taýýar edilmeli.

Ozal bu oteliň taslamasynyň, binagärlik sungaty eserleriniň awtorlyk hukugynyň goragyny üpjün etmek maksady bilen, Intellektual eýeçilik baradaky döwlet gullugynyň patenti esasynda hasaba alnandygy habar berildi.

Prezident şol ýeriň golaýyndaky “könelen binanyň” ýerinde park zonasyny döretmegi buýurdy. .

Ýatladýarys, bu etrapdaky jaýlary ýumurmak işleri geçen ýylyň tomsunda başlandy. Şol wagt häkimligiň wekilleri näresmi söhbetdeşlikde köne jaýlaryň şäheriň daşky gözelligini bozýandygyny aýtdylar.

Soňra Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ýerleriň ýokarsyndan aýlandy. “Ýyldyz” oteli bilen “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasynyň aralygynda ýerleşýän baýyrda “pafiýa şalarynyň köşkleriniň nusgasynda” täze myhmanhana toplumyny gurmak tabşyryldy.

Prezident Parata-7 etrapçasynyň ýokarsyndan bu ýerde gurulýan metjide syn etdi.

Türkmenistanyň prezidenti soňra Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazdan benzin öndürmeli zawodyň gurluşygynyň barşyny synlady.

Ýatladýarys, prezident dikuçaryň üstünden paýgata soňky gezek 23-nji awgustda gözegçilik edipdi.

1 of 14

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi
“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz işini tamamlady
12.01.2021 | “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany