Berdimuhamedow Italiýanyň gaýtadan saýlanan Prezidenti Mattarellany gutlady

Berdimuhamedow Italiýanyň gaýtadan saýlanan Prezidenti Mattarellany gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Serjio Mattarella Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany öz hatynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky dürli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligi, özara bähbitliligi we işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklary täze derejelere çykarmak üçin zerur işleri bilelikde dowam etmäge taýýardygyny tassyklady.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Serjio Mattarella respublikanyň parlamentiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde geçirilen ses berişligiň sekizinji tapgyrynda Italiýanyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanyldy. Prezident saýlanmak üçin absolýut köplügi (50%-den gowrak), ýagny 505 ses almak ýeterlikdi. Özüniň ilkinji ýedi ýyllyk mandatyny tamamlaýan Mattarella üçin parlament agzalarynyň we sebit wekilleriniň hataryndan saýlawa gatnaşyjylaryň 759-sy ses berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada bolan awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kärdeşine awtobus heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi