Berdimuhamedow täze kärhanalary we iş orunlaryny döretmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “täze iş orunlaryny döretmegi, ýurdy senagat taýdan ösdürmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy” tabşyrdy. Bu tabşyryk Ministrler kabinetiniň 2-nji maýda geçirilen mejlisinde wise-premýer Mämmethan Çakyýewe berildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, prezident telekeçiler bilen alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi, iň täze, ýokary öndürijilikli enjamlar we innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalary döretmegi hem buýurdy.

“Ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini köpeltmeli we sanly ulgamy ösdürmeli. Biz senagat toplumynyň durnukly işlemegini we döwletimize girdeji getirmegini gazanmaly” diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklady. Bu Konsepsiýa “döwlet dolandyryşynyň häzirki zaman görnüşini durmuşa ornaşdyrmaga, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň sosial-durmuş şertlerini gowulandyrmaga” mümkinçilik bermeli.

Wise-premýer Goçmyrat Myradow şu ýylyň 29-njy martynda Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň saýtynda “Işe ýerleşdiriş” bölüminiň peýda bolandygyny habar berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, paýtagtda işsizligiň derejesi 50 prosente ýetýär, tutuşlygyna ýurt derejesinde bolsa, “Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, işsizligiň derejesi 60 prosente baryp ýetýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda daşary ýurtlara howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek meýilleşdirilýär
Ulag pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygy boýunça duşuşyk geçirildi
Türkmenistan Eýrana we Gazagystana çenli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan we Täjigistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar
Aşgabat bilen Duşenbäniň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär
Türkmenistan we Täjigistan howa gatnawlaryny ýola goýmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler